Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň hassahanalaryna Türkmenistanda öndürilen maskalar paýlanyp, onuň ulanylyşyna gözegçilik etjek komissiýa döredildi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtynda, Mary welaýatynyň hassahanalaryna Türkmenistanda öndürilen maskalar paýlandy. Saglyk işgärleri bu maskalaryň hiliniň pesliginden şikaýat edýän mahaly, şol maskalaryň ulanylýandygyna ýa-da ulanylmaýandygyna gözegçilik etjek täze komissiýa döredildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy dekabrda Marydan habar berdi.

Şu hepde Marynyň hassahanalaryna Türkmenistanyň tekstil kärhanalary tarapyndan öndürilen maskalar paýlanandan soň, saglyk işgärlerinden keselhanalarda bu maskalary dakynmak talap edilip başlandy. Ýöne işgärler onuň hiliniň ýaramazdygyny aýdyp, şol sebäpden gorag derejesiniň hem pesdiginden şikaýat edýärler.

"Daşary ýurtdan gelýän maskalar bilen deňeşdireniňde bu maskalaryň hili pes, has ýuka, rezinleri kelte, gulagyňa dakanyňda gulagyňy agyrdýar. Üstesine-de çalt üzülýär. Adamlaryň burnundan aşaky ýüzüni doly ýapmaýar" diýip, maryly saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Maskalar hassahanalara paýlanandan soňra, habarçynyň tassyklamagyna görä, ýörite barlag komissiýasy döredildi. Bu komissiýa hassahanalara aýlanyp, saglyk işgärleriniň maskalary dakynýandygyna ýa-da dakynmaýandygyna gözegçilik edýär.

"Näme üçin diňe türkmen maskalaryny dakynmalydygymyzy düşündirmeýärler. Diňe şulary dakmalydygymyzy aýdýarlar. Komissiýa sebäpli medisina işgärleri iki maska dakynmaly bolýarlar. Olar türkmen maskalarynyň aşagyndan daşary ýurtlarda öndürilen maskalary satyn alyp dakýarlar" diýip, maryly saglyk işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda öndürilen maskalaryň saglyk işgärleri tarapyndan ulanylýandygyna gözegçilik edilýän mahaly, habarçynyň sözlerine görä, medisina ulgamyndaky korrupsiýa ünsden düşürilýär.

"Döwlet tarapyndan hassahanalara iberilýän dürli hilli dermanlar, maskalar, antiseptikler dermanhanalara ýa-da näsaglara satylýar. Hakykatda bu hassahana işgärleri tarapyndan näsaglaryň bejergisinde ulanylmaly. Komissiýa muňa gözegçilik etmeýär" diýip, saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Marynyň häkimliginden we saglyk bölüminden, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, redaksiýa häzirlikçe bu maskalaryň suratlaryny hem alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda wirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler. Muňa garamazdan, olar ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyp, maska režimine gözegçiligi yzygiderli güýçlendirýärler.

Bu aralykda, habarçy soňky günlerde ýurtda pandemiýanyň ýitileşmegi bilen Aşgabatdaky hassahanalaryň welaýatdan barýan näsaglary kabul etmegi bes edendigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, hatda näsaglaryň ellerinde hassahanalara ýörite ýollanmalar bar bolsa-da, paýtagtyň keselhanalary hassalary yzlaryna iberýärler.

"Çagama her iki aýda bir gezek Aşgabatdaky onkologiýa merkezinde bejergi almaly. Bu sapar 2000 manat çykdajy edip Aşgabada baranymda, hassahana çagamy kabul etmän, welaýat onkologiýa bölümine ýüz tutmagy tabşyrdy. Lukmanlar ýokardan berlen buýruga garşy hereket edip bilmeýändiklerini aýtdylar. Näçe ýalbarsam-da, çagamy keselhana ýerleşdirip bilmedim" diýip, maryly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň dürli künjeklerinde barha köp adamyň koronawirus alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutmagy netijesinde, ençeme keselhananyň näsaglaryň akymyna döz gelip bilmän täze hassalary kabul etmegi bes edendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG