Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Daşary ýurtlulara özleriniň kireýine alýan jaýlarynda ýaşamaga 'rugsat berildi'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri daşary ýurt firmalarynyň işgärlerine we olara hususy jaýlaryny kireýine berýän raýatlara garşy basyşlaryny bes etdi. Häzirki wagtda daşary ýurtlularyň kireýine alýan şol öňki jaýlarynda ýaşamagyna rugsat berilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Bellesek, bu maglumat Aşgabatda ýaşaýan daşary ýurtlulardan kireýine alýan jaýlaryndan çykyp, myhmanhanalara göçmegiň talap edilýändigi barada mundan bir hepde çemesi ozal Azatlyk Radiosynda we garaşsyz neşirde çap edilen habarlardan soň peýda boldy.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan daşary ýurt firmalarynyň işgärleriniň we olara hususy jaýlaryny kireýine berýän raýatlaryň ençemesi şäher häkimliginiň resmileriniň özlerini sorag-ideg etmegi bes edendigini gürrüň berdi.

"Bu wagtlaýyn dymyşlykmy belli däl. Ýöne indi häkimligiň işgärleri "daşary ýurtlulary jaýyňyzdan çykaryň" diýip, basyş etmeýärler. Bizi häkimlige-de çagyrmaýarlar. Şeýle-de, jaýlary kireýine alýan daşary ýurt firmalarynyň işgärlerine-de "myhmanhanalara göçüň" diýmeýärler" diýip, hususy jaýyny kireýine berýän bir aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýatlatsak, 9-njy dekabrda Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň häkimiýetleriniň hususy jaýlaryny daşary ýurt firmalarynyň işgärlerine kireýine berýän raýatlary şäher häkimligine çagyryp, olardan daşary ýurtlulary öz jaýlaryndan çykarmagy talap edýändigini habar berdi.

Şonda resmiler bu talabyň sebäplerini anyk düşündirmän, jaý eýelerine daşary ýurtly "işgärleriň şäher myhmanhanalaryna ýerleşmelidigini" aýdypdylar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan jaý eýeleri bu talap amala aşyrylsa, munuň hem jaý eýelerini, hem-de daşary ýurtlulary kyn ýagdaýa saljakdygyny gürrüň beripdiler.

"Biziň girdejimiz kesiler. Şeýle-de, bu öz işgärleriniň jaý kireýlerini töleýän firmalara-da agram salar. Sebäbi jaý kireýi ortaça 500-700 dollar bolsa, myhmanhanalaryň gündelik tölegi 50 dollardan başlanýar. Mundanam başga myhmanhanalarda nahar bişirip hem bolmaýar. Bu hem daşary ýurtlular üçin goşmaça çykdajy bolar" diýip, aşgabatly jaý eýesi aýdypdy.

Daşary ýurtlulardan kireýine alýan jaýlaryndan çykyp, myhmanhanalara göçmegiň talap edilýändigi barada 9-njy dekabrda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi. Şonda neşiriň çeşmeleri bu çäräni hökümetiň ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý sebäpli býujeti doldurmak üçin islendik mümkinçiligi oýlap tapmak synanyşygy diýip düşündiripdiler.

Türkmenistanda dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we iş orunlarynyň kemeldilmegi dowam edýär. Ýurtda pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň arasynda, bu kynçylyklar has-da ýitileşdi, myhmanhanalaryň aglabasy boşap galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG