Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda daşary ýurtlulardan kireýine alýan jaýyndan çykyp, myhmanhana göçmek talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy jaýlaryny kireýine berýän raýatlardan daşary ýurt firmalarynyň işgärlerini öz jaýlaryndan çykarmagy talap edýärler. Resmiler bu talabyň sebäplerini anyk düşündirmän, daşary ýurtlularyň myhmanhanalara ýerleşdirilmelidigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Hususy jaýlaryny kireýine berýän aşgabatlylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, soňky günlerde paýtagtyň resmileri olary şäher häkimligine çagyryp, daşary ýurtlulary öýlerinden çykarmagy talap edýärler.

"Biziň jaýy kireýine berýän öý eýesi we jaýy kireýine alýan hökmünde ähli resminamalarymyz bar bolsa-da, häkimligiň işgärleri bu talabyň sebäplerini anyk düşündirmeýärler. Olar bize diňe "işgärlere şäheriň myhmanhanalaryna ýerleşmegi maslahat beriň" diýmek bilen çäklenýärler" diýip, jaýyny kireýine berýän bir aşgabatly anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçy bilen söhbetdeş bolan jaý eýeleri we dürli daşary ýurt firmalarynyň işgärleri häzirlikçe bu talabyň berjaý edilmeýändigini, ýöne munuň haçana çenli dowam etjeginiň belli däldigini hem aýdýarlar.

Şeýle-de, olar bu talabyň hem jaý eýelerini, hem-de daşary ýurtlulary kyn ýagdaýa saljakdygyny hem belleýärler.

"Biziň girdejimiz kesiler. Şeýle-de, bu öz işgärleriniň jaý kireýlerini töleýän firmalara-da agram salar. Sebäbi jaý kireýi ortaça 500-700 dollar bolsa, myhmanhanalaryň gündelik tölegi 50 dollardan başlanýar. Mundanam başga myhmanhanalarda nahar bişirip hem bolmaýar. Bu hem daşary ýurtlular üçin goşmaça çykdajy bolar" diýip, aşgabatly jaý eýesi aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne daşary ýurtlularyň kireýine alýan jaýlaryndan çykarylyp, myhmanhanalara göçüriljekdigi barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi.

Neşiriň 9-njy dekabrda çap eden habaryna görä, "Türkmenistanyň Hronikasynyň" çeşmeleri bu çäräni hökümetiň ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý sebäpli býujeti doldurmak üçin islendik mümkinçiligi oýlap tapmak synanyşygy diýip düşündirýärler.

Bellesek, eger bu talap güýje girizilse, onda bu türkmen häkimiyetleriniň ýurtdaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri bilen bagly girizen ilkinji çäklendirmesi bolmaz. Şu ýylyň aprelinde daşary ýurt walýutasynda aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklarynyň dollaryň resmi kursy boýunça diňe manatda beriljekdigi habar berildi. Bu çäklendirme birnäçe aý dowam etdi.

Türkmenistanda dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi, iş orunlarynyň kemeldilmegi dowam edýär. Ýurtda pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň fonunda, bu kynçylyklar has-da ýitileşdi, myhmanhanalaryň aglabasy boşap galdy.

Türkmen resmileri ykdysady kynçylyklary we pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşen maliýe ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Muňa derek, hökümet maslahatlarynda yzygiderli ykdysady ösüş sanlary getirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG