Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Türkmenleri: 2020-nji ýylyň jemleri


Illýustrasiýa suraty. 28-nji dekabr, 2020-nji ýyl. Aşgabat.
Illýustrasiýa suraty. 28-nji dekabr, 2020-nji ýyl. Aşgabat.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň ýörite sany ýylyň jemlerine bagyşlanýar.

Dünýä Türkmenleri ýylyň dowamynda öz programmalarynyň agramly bölegini Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally hem-de Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda diňleýjileriň dykgatyna ýetirdi. Ýylyň jemlerine bagyşlanýan ýörite sanyny hem şeýle söhbetdeşlik bilen tamamlaýar.

Köne 2020-nji ýyl tamam boldy. Ýyl köpleriň ýadynda koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä ýurtlarynda girizilen çäklendirmeler, wirus ýokaşan adamlar baradaky hasabatlar, şeýle-de koronawirus baradaky habarlar bilen ýatda galandyr.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýdan uç alan täze koronawirus infeksiýasy 2020-nji ýyla geçip, tutuş dünýä ýaýrap başlady. Bütindünýä saglyk guramasy mart aýynda koronawirusy pandemiýa yglan etdi.Keseliň pandemiýa yglan edilmegi bilen, wirusyň ýaýramagyny haýallatmak tagallalarynyň çäginde dünýä ýurtlary ýeke-ýekeden petiklemeleri we hereket çäklendirmelerini girizip başlady. Serhetler ýapyldy. Ýapylan serhetler we girizilen beýleki çäklendirmeler daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hem durmuşyna öz täsirini ýetirdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň koronawirusa garşy göreş tejribeleri bilen bagly ajy habar mart aýynda Türkiýeden gelip gowuşdy. Türk metbugatynyň habarlaryna görä, Türkiýede ýaşaýan 60-a golaý türkmenistanly migrant “koronawirusdan goranmak üçin” ýasama arak içip, ýat ýurtda zäherden jan berdi. Bu hem koronawirusa garşy goranmak üçin dogry maglumatlaryň ähmiýetini ýene bir gezek açyp görkezdi. Galyberse-de, Türkmenistandaky sosial-ykdysady problemalara gytaklaýyn üns çekdi. Ýurtlaryň arasynda hereket çäklendirmeleri dowam edýän wagty türkmen migrantlarynyň başyna gelen bu pajygaly wakada aradan çykan türkmenistanlylar Türkiýede jaýlandy.

Aradan bir aý töweregi wagt soň, köpler koronawirusa gümra wagty, apreliň ahyrlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turjak betbagtçylykly tebigy harasatdan entek öňünden hiç kimiň habary ýokdy. 27-nji aprelde Lebapda we Maryda güýçli ýel turdy. Harasat sebit ýaşaýjylarynyň durmuşyna agyr täsir etdi. Köp sanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar hatardan çykdy. Adam pidalary barada habarlar berildi.

Tebigy harasata türkmen häkimiýetleriniň görkezmedik reaksiýasy daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda protest hereketlerini möwjetdi. Maý aýyndan başlap, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanlylar türkmen hökümetine garşy iki-ýeke protest aksiýalaryny gurnap başladylar. Ozal türkmenler üçin adaty bolmadyk protest howasy türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasyna aralaşdy. Protestçiler öz aksiýalarynyň guramaçylygynda sosial mediadan peýdalandy.

Türkmenistan ilki ne koronawirusy, ne-de aprelde bolan harasaty resmi taýdan boýun aldy. Tolgunyşygyň arasynda tomsuň ortalarynda Bütindünýä Saglyk guramasynyň bilermenler topary Türkmenistana sapar edip, “Türkmenistanda ýok koronawirusy” öz gözleri bilen görmek isledi. Ýöne olar aradan on gün geçenden soň, ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada hökümetiň aýdýanlary bilen ylalaşyp, baran uçarlary bilen yzlaryna dolandy. Ýöne gaýtmazdan öň türkmen häkimiýetlerine “ýurtda koronawirus ýok bolsa-da edil bar ýaly hereket etmegi” maslahat berip ýetişdiler. Olar gaýdandan soň, Türkmenistanda koronawirusyň ýurda getirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilen çäreler ýygjamlaşdy, mejbury maska düzgünleri girizildi, bazarlar ýapyldy we transport gatnawlaryna çäklendirme girizildi.

Awgustyň ahyrlaryndan başlap, türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmek işlerini güýçlendirdi, “Türkmenistan” howa ýollary gullugy Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki käbir ýurtlardan ýörite çarter gatnawlaryny gurady.

2020-nji ýyl diňe bir Türkmenistan üçin däl, region üçin, hususan-da birnäçe GDA ýurdy üçin tolgunyşykly ýyl boldy. Awgustda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzýany, onuň Alýaksandr Lukaşenkany prezident yglan eden netijelerine garşy çykan oppozisiýa protestçileri yzygiderli köçelere çykyp, protest aksiýalaryny geçirdi. Oktýabrda Gyrygyzystanda geçirilen parlament saýlawlarynyň yz ýany, onuň netijelerine garşy çykan protestçileriň gazaply çykyşlary soňy bilen iş başyndaky prezident Sooranbaý Jeenbekowyň wezipeden çekilmegine alyp geldi. Ermenistan we Azerbaýjan arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde sentýabryň ahyrynda turan söweşler noýabra çenli alty hepdeden gowrak wagt dowam etdi.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginde ýylyň dowamynda koronawirus habarlary, dünýä ýurtlarynyň oňa garşy göreş tagallalary; türkmen edebiýaty, medeniýeti, sungaty, şol sanda, türkmenleriň aýdym-saz sungaty; türkmen intellektinde çuňňur yz galdyran Magtymguly Pyragy; türkmen halk ertekileriniň mazmuny we olaryň dünýä türkmenlerine elýeterliligi; türkmeniň ýakyn taryhy; Gökdepe gerçekleriniň hatyralanmagy; türkmen durmuşynyň sowetleşdirilmegi; Orta Aziýada milli-döwlet bölünişigi; Türkmenistanda ýer-ýurt atlary we olara döwrüň täsiri; “türkmençiligiň” döwrebaplyk synagy; owgan türkmenleriniň aladalary, şol sanda olaryň elipbiý aladalary, bu aladalarynyň ýerine gowuşmagy; olaryň ykdysady we durmuş kynçylyklary; owgan türkmenlerine Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömekleri; türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine owgan türkmenleriniň bildirýän umydy; owgan türkmenleriniň medeni we jemgyýetçilik guramalarynyň geçiren çäreleri; eýran türkmenleriniň konsullyk aladalary; eýran türkmenleriniň medeni hukuklarynyň depelenmegi; olara türkmen adam atlarynyň gadagan edilmegi; Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän “Sähra” žurnalynyň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy; daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň geçiren mitingleri we olarda sosial medianyň oýnan roly; Belarus wakalarynyň Türkmenistana düşýän kölegesi ýaly temalarda gepleşikleri diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirdik.

Owgan türkmenleri barada dekabrda efire berlen gepleşigimiz Demirgazyk Owganystanda dokuz ýaşly bir ýaş çaganyň ogrular tarapyndan alnyp gaçylmagy, onuň zamun alynmagy we muňa türkmenleriň bildiren reaksiýasyna gönükdirildi. Owgan türkmenleri birnäçe günläp zamun alnan ýaş çaganyň boşadylmagy ugrunda protest aksiýalaryna dowam etdi.

Biz bu gepleşikleriň agramly bölegini Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally hem-de Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady bilen geçirilen söhbetdeşlik esasynda taýýarladyk. Geliň häzir, ýylyň jemlerine bagyşlanan soňky gepleşigimizde Hudaýberdi Hally hem-de Şamerdanguly Myrady bilen geçiren soňky söhbetdeşligimizi diňläliň, hormatly diňleýjiler!

Dünýä Türkmenleri: 2020-nji ýylyň jemleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Dünýä ýurtlary 2021-nji ýyla uly umyt bilen gadam basýar. 2020-nji ýylyň ahyrlarynda koronawirusa garşy waksina habarlary ýaýrady, eýýäm birnäçe ýurt sanjym işlerine girişdi.

Goý, 2021-nji ýyl saglyk, rysgal-bereket getirsin!

Dünýä Türkmenleri siziň her biriňiziň maşgala ojaklaryňyza saglyk, agzybirlik, rysgal-döwlet, bereket arzuw edýär!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG