Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýmitlenmek hukugy. Marynyň ýaşaýjylary ir sagat 4-den başlap azyk nobatyna durýarlar


Azyk dükanyna nobat. Türkmenistanyň Lebap welaýaty, iýul, 2020
Azyk dükanyna nobat. Türkmenistanyň Lebap welaýaty, iýul, 2020

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň ýaşaýjylary ir sagat 4-de döwlet dükanlaryndan azyk önümlerini satyn almak üçin nobata durýarlar. Sowuk howada duranlaryň arasynda ýaş çagaly aýallar köp.

Şu günler Türkmenistandaky döwlet dükanlarynda birnäçe sagatlap nobata durmaklyk azyk satyn alyp boljagyny aňlatmaýar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde Mary welaýatynda döwlet dükanlarynyň ençemesinde hiç hili önüm döwlet tarapyndan kesgitlenýän bahadan satylmaýar. Şeýle-de bolsa, ýüzlerçe adam un, çörek ýa-da ýag satyn almak umydy bilen dükanlar entek açylmanka daň bilen nobata durýarlar.

"Bu gün, düýnküsi ýaly, hiç zat satylmady. Irden 8-de bize dargaň diýdiler, ýöne adamlar iň bolmanda çörek satyn almak umydy bilen ir sagat 9-da dükan açylýança garaşyp durdular. Emma dükan açylansoň döwlet nyrhyndan hiç zat satylmajagy belli boldy" diýip, 5-nji ýanwarda Baýramalynyň dükanlarynyň birinde nobata duran ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Marydaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, ýerli döwlet dükanlarynda çörek birnäçe günden bäri satylmaýar. Satyjylar çöregiň we beýleki önümleriň dükanlara getirilmeýändigini we haçan getiriljeginiň özlerine mälim edilmeýändigini aýdýarlar.

6-njy ýanwarda, Baýramalynyň dükanlarynda irden 4-de eýýäm nobatlar bardy. Uzyn hatarda duranlaryň arasynda ellerinde ýaş çagaly zenanlar bardy. Aýazly howa garamazdan, olaryň köpüsi ýeňil geýimli, hatda egni jempirli we aýagy rezin şypbykly durupdyr.

Azatlygyň ýerli habarçylary köpçülikde ýyly eşikleriniň ýokdugyny belleýär. Garyplyk şertlerinde gitdigiçe has köp adam geýim satyn almak däl, bar bolan zatlaryny hem azyk önümlerine çalyşýar.

Azyk ýetmezçiligi we nobatlar ýurduň beýleki welaýatlarynda-da dowam edýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň habaryna görä, Lebap welaýatynda täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet söwda nokatlarynda un we pagta ýagy satylyp başlapdyr, şonda bir adama 500 gram ösümlik ýagy - bir litri 3 manat bahasyndan we 4 kilogram un - bir kilogramy 1 manat bahasyndan satylypdyr.

Neşir sowuk howada öz nobatyna garaşyp duran adamlaryň ýylynmak üçin ot ýakandyklaryny, polisiýanyň tertip-düzgüne gözegçilik edendigini habar berdi.

Ýurtda azyk krizisi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Döwlet dükanlarynda adam başyna çäkli goýberilýän harytlaryň möçberi kesgitlendi. Oba ýerlerinde 1 adama bir aýlap iýmitlenmek üçin 5 kilogram un we 1 litr arassalanmadyk pagta ýagy ýaly harytlary öz içine alýan paýok düzüldi.

Soňky bir ýylda azyk gytçylygy hasam agyrlaşdy. Köpçülik aýlyk paýyny satyn alyp bilmeýär. Esasy azyk önümleri diňe bir döwlet dükanlarynda däl, eýsem hususy söwda nokatlarynda-da satuwda gytaldy. Bahalaryň ýokarlanmagy dowam edýär. Aýyň dowamynda önümleriň enceme görnüşiniň bahasy ortaça iki esse artdy.

Ýurduň häkimiýetleri azyk gytçylygyny, ilatyň garyplaşmagyny resmi derejede ykrar etmeýärler. Ýurtda resmi statistika çap edilmeýär, ýaşaýyş üçin zerur minimal çykdajylar kesgitlenmeýär.

Sentýabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky azyk krizisini çözmekdäki hereketsizligini tankytladylar.

Human Rights Watch (HRW) we Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy topary (TIHR) tarapyndan bilelikde ýaýradylan hasabatda öz halkyna ykdysady ýa-da sosial kömek bermek strategiýasy bolmadyk Türkmenistanyň hökümetiniň ilatyň azyk hukugyny berjaý etmeýändigine we zerur durmuş derejesini üpjün etmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine ünsi çekdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary eklenç çeşmesi bolmadyk köp adamyň köçelere çykýandygyny we öýleri aýlanyp, dilegçilik edýändigini we zibil gaplaryny dörýändigini habar berýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG