Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kireý jaýlarda ýalňyz ýaşaýan käbir ýaş gelinleriň mertebesine käbir polisiýa işgärleri “howp abandyrýar”


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde uçastka polisiýalary kireý jaýlarda ýaşaýan adamlaryň öýlerine aýlanyp, olary sorag edýär, dokumentlerini barlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy barlaga gatnaşýan polisiýa işgärleriniň arasynda kireý jaýlarda ýaş çagalary bilen ýalňyz ýaşaýan käbir aýallara, ýa-da ýaş gelinlere “göz dikýän”, olaryň mertebesini kemsidýän uçastkowoýlaryň bardygyny habar berýär.

Bir polisiýa işgäri atlandyrylmazlyk şertinde öz kärdeşleriniň baş goşýan şeýle hadysalary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde, uçastka polisiýasynyň esasan ýalňyz ýaşaýan aýallara “göz gyzdyrýandygyny” aýtdy.

Geçen hepde Baýramalyda bolan bir wakada polisiýa adamsy iki ýyl bäri Türkiýede işleýän iki çagaly bir gelniň kireý jaýyna baryp, ony sorag-ideg edipdir. Ýaş gelin öýüne baran polisiýa uniformasyndaky adamy “özüni uçastkowoý diýip tanyşdyran polisiýa geýimli, pagony ýyldyzly bir erkek kişi” diýip suratlandyrýar.

Zenan maşgalanyň sözlerine görä, onuň adamsy iki ýyl bäri Türkiýede işçilik edýär, ýaş maşgala jaý satyn almak üçin pul ýygnaýar. Ol özlerine degişli jaýlary bolmansoň, kwartirant ýaşamaga mejbur galýandyklaryny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgäri ony “pynhan gatnaşyga” çagyrýan äheňde gytaklaýyn sözler aýdypdyr.

Ýaş gelin özüni polisiýa işgäri diýip tanyşdyran erkek adamyň özüne “bet niýet” bilen çemeleşendigini, “lak atandygyny”, onuň “telefon belgisini sorandygyny” aýdýar.

Kireý jaýlarda barlag geçirýän polisiýa işgärleri raýatlaryň telefon belgilerini ýygnamak işleriniň geçirilýän barlaglaryň bir bölegidigini ýa-da däldigini aýdyňlaşdyrmandyrlar.

“Meniň üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Meniň dilim tutuldy, hiç zat diýip bilmedim. “Çyk öýden!” diýip, işigi içinden gulpladym” diýip, ýaş gelin bolan wakany gaýyn enesine gürrüň beripdir.

Onuň sözlerine görä, wakadan soň gelniň ýüwürjisi uçastka polisiýasyny gözläp tapýar, gaýyn ene gelnine dessine öý goşlaryny ýygnamagy hem-de öz ýaşaýan jaýlaryna göçüp barmagy maslahat berýär.

“Ýöne uçastkowoý aýdan sözlerini boýun almandyr” diýip, ýaş gelin aýdýar. Gelniň ýüwürjisiniň sözlerine görä, polisiýa işgäri özüniň “kişi maşgalasyna” göz gyzdyrmaýandygyny, diňe kwartirant ýaşaýan adamlary bellige alýandygyny aýdypdyr. Şeýle-de, ol soňky wagtlarda kireý jaýlarda öz-özüni heläkleýän adamlaryň köpelýändigini, kwartirant ýaşaýan adamlary hasaba almak işleriniň bu hadysalar bilen ilteşiklidigini aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynyň bu waka boýunça Baýramalynyň polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Polisiýa tarapyndan “nyşana alnan” zenan maşgalanyň gaýyn enesi oňa obada, öz ýanlarynda ýaşamagy maslahat berýär.

Türkmenistanda ykdysady şertleriň agyrlaşmagy soňky ýyllarda eklenç gözleginde daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä gidýän adamlaryň sanyny köpeltdi. Ençeme türkmenistanlylaryň sözlerine görä, adamlaryň tapýan şeýle mejbury çykalgalary käwagt maşgalalaryň bölünmegi, çagalaryň ene-atalaryndan uzak wagtlap aýry ýaşamagy ýaly oňaýsyz ýagdaýlar bilen netijelenýär.

Baýramalyda bolan soňky wakada polisiýanyň sözli hüjümine duçar bolan aýal maşgalanyň adamsy Türkiýä işlemäge gidipdir. Yzda galan gelinlere olaryň dogan-garyndaşlary hossar çykýar.

“Şular ýaly wakalar barada soňky günler köp aýdylýar” diýip, bir baýramalyly ýaşaýjy kwartirant jaýlarda ýalňyz ýaşaýan aýallara polisiýanyň çemeleşigi barada gürrüň berdi.

“Polisiýa geýimini geýseler, hamala, ähli adamlar şolara boýun bolmaly diýip düşünýärler” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Anonim şertde habarçy bilen gürrüňdeş bolan polisiýa işgäri jenaýata çekilýän erkek adamlaryň maşgalalaryny hem polisiýanyň “nyşana alýandygyny” aýtdy.

Synçylara görä, Türkmenistanda ilatyň döwlet edaralaryna, şol sanda güýç edaralaryna bildirýän ynamsyzlygy, halk bilen häkimiýetiň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirýär.

Mundan ozal, dekabryň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda ykdysady şertleriň agyrlaşmagy bilen, hem-de pandemiýa çäklendirmeleri astynda işini ýitirýänleriň köpelmegi bilen, býujet edaralarynda işleýän aýal-gyzlaryň arasynda iş beriji edaralaryň wezipeli erkekleri tarapyndan islenmeýän jynsy gatnaşyga mejbur edilýän goragsyz zenanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdiler.

Döwlet mediasy ýurtda “basgylanýan” aýallar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG