Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady şertleriň agralmagy işde 'basgylanýan' aýallaryň sanyny köpeldýär


Türkmen zenanlary. Bezeg suraty

Ýerli synçylar soňky ýyllarda býujet edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň işden kowmak haýbatynyň diňe aýallar üçin däl, erkekler üçinem "ölüm howpy" ýaly bir zada öwrülendigini, daşyndan görmäge salyhatly erkekleriň hem, başlyklary diýse, olaryň islendik möhümini gaş çytman bitirýändigini aýdýarlar.

Ýurtdaky ykdysady şertleriň agyrlaşmagy, pandemiýa çäklendirmeleri astynda işini ýitirýänleriň köpelmegi bilen, býujet edaralarynda işleýän aýal-gyzlaryň arasynda iş beriji edaralaryň wezipeli erkekleri tarapyndan islenmeýän jynsy gatnaşyga mejbur edilýän goragsyz zenanlaryň sany artýar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesinde ýaşaýan Aýnur atly tanşym öz obalaryndaky 3-nji çagalar bagynda işleýär, ol özleriniň mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynda tämizleýji, aşpez, eneke bolup işleýän zenanlaryň birnäçesiniň hojalyk bölüminiň müdiri tarapyndan ençeme gezek jynsy zorluga sezewar bolandygyny, emma olaryň hiç ýere arz-şikaýat edip bilmändiklerini gürrüň berdi diýip, habarçy aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, býujet edaralaryndaky wezipeli erkekler esasan ýokarda tanyş-bilşi ýa täsirli, tanalýan hossary ýok, şol bir wagtda-da maşgalasyndan bir özi işläp, tutuş maşgalany ekleýän, işini ýitirmekden gaty gorkýan aýallary 'nyşana alýarlar'.

"Öz wezipesinden jynsy islegini kanagatlandyrmak üçin peýdalanýan müdirler ýa orunbasarlar nirede mätäç aýallara göz dikýär we esasan olaryň işlerini ýitirmekden, il içinde masgara bolmakdan gorkup, arz etmekden saklanmagyna bil baglaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen zenanlar hem bu ýagdaýy tassyk etdi. Olaryň sözlerine görä, aýallar öz ykdysady mätäçlikleri zerarly zorlugyň pidasy bolýar we il içinde biabraý bolmazlyk üçin dymmagy saýlap alýar.

Ýöne zorluga duçar bolan aýallaryň käbiri, öz başdan geçiren tejribeleri esasynda, işdeş ýoldaşlarynyň düşen ýa düşüp biljek ýagdaýyna düşünýär ýa-da çydaman, bile işleýän jorasyna ýa ýakyn tanşyna içini dökýär.

Mundan başga, ugruny tapyp, bu ýagdaýy hukuk goraýjy edaralara, şol sanda MHM-niň wekillerine hem duýdurýanlar bolýar. Emma olar, sowet döwründe hem bolşy ýaly, bu meselä göz ýumýarlar diýip, habarçy jynsy zorlugyň umuman jemgyýetde öňden bilinýän meseledigini, ýöne soňky ýyllarda has köpelendigini hem sözüne goşdy.

Habarçy bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň hasaplamalaryna görä, Lebapda býujet edaralarynda işleýän aýal-gyzlaryň tas 95 göterimi ol ýa-da beýleki ýagdaýda islenmeýän jynsy gatnaşyga mejbur edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

"Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan aýal-gyzlary Farapda hem köp gördüm" diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli synçylar soňky ýyllarda býujet edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň işden kowmak haýbatynyň diňe aýallar üçin däl, erkekler üçin hem "ölüm howpy" ýaly bir zada öwrülendigini, daşyndan görmäge salyhatly erkekleriň hem, başlyklary diýse, olaryň islendik möhümini gaş çytman bitirýändigini aýdýarlar. Olar bu ýagdaýy ýaşaýjylaryň jemgyýetde "alternatiwany" ýa-da başga çykalgany görmeýändikleri bilen düşündirýärler.

"Hawa, öýlerinde ýeke-täk girdeji getirýän we, işinden kowulmazlyk üçin, çäresizlikden ýolbaşçylaryň düşegine girýän aýallar köp" diýip, Azatlygyň ýene bir lebaply söhbetdeşi aýtdy.

"Çagalar baglarynda, mekdeplerde, hatda keselhanalarda hem päliýaman müdirler, direktorlar köpeldi. Bu hili ejize ganym adamlaryň edýän hapa işlerinden etraplaryň MHM, polisiýa işgärleri hem habarly, emma çäre görmeýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň iş beriji erkekler, wezipeli ýa täsirli adamlar tarapyndan islenmeýän jynsy gatnaşyga mejbur edilmegi bilen bagly agyr ýagdaýlar barada ilki sowet ýyllarynda çap edilen käbir çeper eserlerde, 1941-45-nji ýyllaryň urşy sebäpli dörän kynçylyklar bilen bagly, diňe şol döwrüň problemasy hökmünde söz açyldy.

Şahyr Allaýar Çüriýewiň 1990-njy ýyllarda ýazan ýatlamalarynda bolsa, pagta meýdanyna baryp, gözüne ýaran aýaly maşynly gezmäge äkidýän syýasy işgär barada makala ýazan žurnaliste "görlen çäre" barada gürrüň berildi.

Şahyr Annasoltan Kekilowanyň 1970-nji ýyllarda Moskwa, sowet hökümetiniň ýolbaşçylaryna arza ýazyp, respublikada aýallaryň düşýän agyr ýagdaýlaryna ünsi çekmegi türkmen zenanlarynyň islenmeýän jynsy gatnaşykda ulanylmagynyň ýokary derejelerde hem dowam edýändigini görkezdi.

Şahyryň "Gyrnak" atly goşgusynda dar kabinetlerdäki semiz jenaplaryň" zenanalryň iň oňat arzuwlaryny basgylap, olara gyrnaklygy bilen baha kesýändigi aýdylýar. A.Kekilowa bu meseläni gozgandygy üçin ruhy hassahana ýerleşdirildi we 1983-nji ýylda şol ýerde hem aradan çykdy. Şondan bäri aýallaryň jynsy zorluga sezewar edilmegi Türkmenistanda köplenç gozgalmaýan tema bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG