Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurtlularyň arasynda türkmenler üçünji orunda


Illýustrasiýa suraty.

2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň sany boýunça türkmenler yraklylardan we siriýalylardan soň üçünji orny aldy. Bu barada Turkmen.News neşiri Türkiýäniň Migrasiýa gullugyna salgylanyp habar berýär.

Çap edilen soňky sanlara görä, ýylyň dowamynda 115,5 müň yrakly, 89,5 müň siriýaly hem-de 87,2 müň türkmenistanly Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny alypdyr. Yrak we Siriýa harby çaknyşyklardan we raýat urşundan ejir çekdi, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär.

Türk Migrasiýa gullugynyň soňky sanawynda, Türkmenistandan soň Azerbaýjan (44,6 müň), Eýran (42,4 müň), Russiýa (42,3 müň), Owganystan (41,9 müň), Özbegistan (34,2 müň), Müsür (24,6 müň) we Gazagystan (22,6 müň) gelýär. Türkiýede 2020-nji ýylda ýaşaýyş rugsadyny alan 329 müň adam “beýlekiler” kategoriýasyna ýerleşdirlipdir.

Statistika görä, 2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanlylardan 60 müň 550 adam gysga möhletli ýaşaýyş rugsadyny, 12 müň 161 adam studentler üçin ýaşaýyş rugsadyny alypdyr, 4 müň töweregi türkmenistanly bolsa maşgala ýagdaýlary boýunça ýaşaýyş rugsadyny alypdyr.

2020-nji ýylda Türkiýe jemi 876 müň töweregi daşary ýurtly raýata ýaşaýyş rugsadyny beripdir. Olaryň 50 göterime golaýy Stambulda ýaşamak rugsadyny alypdyr.

Türkmenistan soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän mahaly, ýurt raýatlary eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýe köpçülikleýin göçdi.

Bu aralykda, adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy 29-njy dekabrda beýanat ýaýradyp, Türkiýede resminamasyz ýaşaýan türkmen migrantlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan soňky kynçylyklaryna üns çekdi.

Fond möhleti geçen pasport meselesi boýunça resmi Aşgabady çäre görmäge çagyrdy.

Beýanat türkmen migrantlarynyň köpüsiniň kanuny resminamalarynyň ýokdugyny, netijede olaryň Türkiýede erkin hereket etmek hukugyndan mahrum galýandygyny aýdýar.

Türkiýe COVID-19 infeksiýasynyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen içerki köpçülik transport gatnawlaryna täze düzgünleri girizdi. Ýurduň Saglyk ministrligi içerki uçar ýa-da otly gatnawlarynyň ýolagçylaryndan sapara çykmazdan öň “HES” (Hayat Eve Sygar) koduny almagy talap edýär. Bu çäre saparyň dowamynda adamlarda mümkin bolan koronawirus ýokaşmalaryny yzarlamagy maksat edinýär. Degişli kody almak üçin kanuny resminama gerek. Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi möhleti geçen köne pasportlary bilen ýaşaýar.

Türkmenistan 2013-nji ýyldan bäri raýatlaryň ýurda girip-çykmagyna diňe olaryň biometriki pasportlarynyň esasynda rugsat berýär.

Türkmen hökümeti ýurdy terk eden raýatlarynyň sany barada statistiki maglumatlary köpçülige äşgär etmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 2019-njy ýylyň martynda soňky 10 ýylyň dowamynda 1,9 million töweregi türkmenistanlynyň ýurdy hemişelik terk edendigini habar berdi. Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bu sanlary ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän progres.online neşiri halkara guramalaryň statistiki hasabatlaryna salgylanyp, Türkmenistany terk eden adamlaryň sany boýunça hasabat çap etdi. BMG-niň Durmuş we ykdysady gatnaşyklar bölüminiň (UNDESA) jemgyýetçilige elýeterli eden resmi sanlaryna görä, 1990-2017-nji ýyllar aralygynda 1 million 678 müň 83 türkmenistanly daşary ýurtlara emigrasiýa çykdy. Olardan 98 prosenti has amatly durmuş şertleriniň gözleginde ýurdy terk etdi.

BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň maglumatlaryna görä, 1994-2019-njy ýyllar aralygynda 20 müň 865 türkmenistanly daşary ýurtlara bosgunlyga çykdy. Bu san ýurdy terk edenleriň diňe 2 göteriminiň ýurtdan çykmaga mejbur galandygyny, galanlarynyň bolsa meýletin çykandygyny aňladýar.

Türkmenistanly bosgunlaryň barýan ýurtlarynyň arasynda Russiýa birinji orunda, ABŞ ikinji orunda, Germaniýa üçünji orunda we Şwesiýa dördünji orunda durýar.

Hasabata görä, 2000-nji ýyllardan başlap, Türkiýä barýan türkmenistanly bosgunlaryň sany hem öňküsinden köpeldi. Ýöne, neşiriň ýazmagyna görä, Türkiýede ýüzlerçe müň türkmen migranty ýaşasa-da, olar köplenç bosgunlyga ýüz tutmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG