Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene täze çäklendirme girizýär we ýurtda COVID-19-y anyklamak mümkinçiligini äsgermeýär


Aşgabat, oktýabr, 2020

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly çäklendirmeleri güýçlendirýär. Ýarymresmi türkmen neşirlerine görä, ýurda girmek gadagançylygy uzaldylypdyr we bilim edaralaryndaky okuw prosesi gysgaldylan görnüşde amala aşyrylar. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri muny Bütindünýä saglyk guramasynyň garaşsyz laboratoriýalarynda synag geçirmek arkaly tassyklatmaga gyssanmaýarlar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa boýunça regional direktory Hans Kluge, Türkmenistanyň heniz koronawirus synaglaryny BSG-niň daşary ýurtlardaky barlaghanalaryna ibermek üçin anyk çäre görmändigini aýtdy.

7-nji ýanwarda Hans Kluge şu ýyl COVID-19 baradaky ilkinji wirtual brifinginde žurnalistleriň soragyna jogap berip, guramanyň inisiatiwasy boýunça Türkmenistanyň prezidenti, şeýle hem ýurduň saglygy saklaýyş we daşary işler ministrleri bilen guran gepleşikleri we Türkmenistanda bilelikde test geçirilip, nusgalary Bütindünýä saglyk guramasynyň daşary ýurtlardaky laboratoriýalaryna ibermek barada teklip edendigini gürrüň berdi.

"Hawa, şu gün, gynansak-da, anyk çäreleri görmändigimizi aýdyp bilerin. Türkmenistanyň hökümeti bilen, şol sanda ýurtdaky wekilçiligimiz arkaly aç-açan gepleşiklerimizi dowam etdirjekdigimize sizi ynandyrmak isleýärin"- diýip Hans Kluge aýtdy.

COVID-19 alamatlary bilen keseliň ilat arasynda ýaýbaňlanmagyna we ýurtda ölüm derejesiniň ýokarlanandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda ölüm howply wirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.

BSG-niň resmisi Hans Klýuge 7-nji ýanwarda geçirilen brifingde Türkmenistana koronawirus synaglaryny garaşsyz barlaglar üçin daşary ýurt laboratoriýalaryna ibermegi ýene bir gezek maslahat berdi.

BSG-niň we Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň arasynda ýurtda alnan koronawirus testleriniň nusgalaryny garaşsyz ýagdaýda barlamak ylalaşygyna 7-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BSG-niň baş müdiri Tedros Gebreisus we Ýewropa boýunça regional müdiri Hans Kluge arasynda geçirilen wideokonferensiýada gazanyldy.

Koronawirusly ýagdaýlaryň ýekejesiniň-de hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistanyň ýolbaşçysy muny ýurt üçin "uly üstünlik" hasaplaýar, ýöne öz aýdanlaryny garaşsyz barlaglaryň netijeleri arkaly tassyklamaga howlukmaýar.

Bu aralykda häzirki wagtda ýurt keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlüp-eşidilmedik çäreleri görkezýär. “Orient” ýarymresmi neşirine görä, sebitdäki we dünýädäki agyr epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistan ýurduň bilim edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär.

Habarda Türkmenistanyň bilim edaralarynda okuw işini guramagyň wagtlaýyn tertibini kadalaşdyrýan resmi resminama salgylanyp, bilim edaralarynyň şertlerine laýyklykda bir smenadan iki smena, zerur bolsa üç smena okuw tertibine geçiljegi aýdylýar. Köp sanly okuwçyly mekdeplerde sapaklary bölmek, partalaryň arasyndaky aralygy açyp, her bir okuwçy üçin 5 kwadrat metr giňişligi üpjün etmek için aralary 2 metr açmak göz öňünde tutulýar. Sapaklaryň dowamlylygy hem gysgaldylýar. Orta mekdeplerde sapaklar adatdakysyndan 10 minut azalar, orta we ýokary okuw jaýlarynda sapaklaryň dowamlylygy 80-den 40 minuta çenli gysgalar. Arakesmeleriň wagty uzaldylar.

Mundan başga-da, okuw jaýlarynda birnäçe girelgäniň bolmagy, arakesme wagtynda okuwçylaryň we mugallymlaryň okuw jaýyndan çykmazlygy, okuw prosesi bilen baglanyşykly bolmadyk hereketleriň hemmesiniň çäklendirilmegi, okuwçylaryň ene-atalarynyň okuw jaýlaryna goýberilmezligi talap edilýär diýip, neşir ýazýar.

Şeýle-de, Türkmenistan ýurda barmak gadaganlygynyň möhletini uzaldýar. “Orient” neşiriniň habaryna görä, häkimiýetleriň aýratyn karary bilen rugsat berlen aýratyn ýagdaýlardan başga halatlarda ýurda barmak gadagançylygy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Ondan öň Türkmenistana barmagyň marta girizilen wagtlaýyn gadagançylygy 2020-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylypdy.

Türkmenistan ýurduň içindäki hereketlere, üýşmeleňlere, bazarlaryň işine çäklendirmeleri, şeýle hem ähli ýerde maskalary geýmek we fiziki aralygy saklamak talaplaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa boýunça edarasynyň koronawirus baradaky missiýasynyň iýulda eden saparyndan soň girizipdi. Şol saparyň dowamynda missiýanyň bilermenleri Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi.

Soňra awgust aýynda Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistana başga bir missiýasyny ibermek niýetini yglan etdi. Sapar henizem amala aşyrylmady. BSG-niň bilermenleriniň birinji gezek Türkmenistan tarapyndan kabul edilmegine iki ýarym aý gerek bolupdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG