Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we COVID-19: ýokanç töwekgelçiligi barada duýduryş we gonamçylyklaryň dolmagy


Üzärligiň tütedilişi 
Üzärligiň tütedilişi 

Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde we ýurduň beýleki ýerlerinde gonamçylyklar dolupdyr we häkimiýetler merhumlary jaýlamak üçin täze ýerleri guraýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçylary günde ýas çäreleriniň ençemesiniň geçirilýändigini we merhumlaryň jaýlanýandygyny aýdýarlar. Lukmanlar bolsa, koronawirus keseliniň ýokmagynyň töwekgelçiligi sebäpli örän zerur bolmasa, ilatyň saglygy saklaýyş edaralaryna barmakdan saklanmagy maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetlere görä, koronawirus ýurtda henizem “ýok”.

Türkmenistanda ölüm derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ýurtda bar bolan gonamçylyklaryň kem-kemden dolmagyna sebäp boldy.

7-nji ýanwarda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň etegindäki we ýurduň beýleki sebitlerindäki gonamçylyklarda boş ýerleriň galmandygyny habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, Aşgabatyň etegindäki Çoganly, Çolpanata we Änewdäki Magtymguly obasynyň gonamçylyklary dolupdyr. Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew, Dänew we Darganata etraplaryndaky ýerli gonamçylyklarda hem boş ýer galmandyr. Häkimiýetler täze ýerleri bölüp berýärler.

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri koronawirusyň alamatlary bilen kesellemegi, şol sanda öýkeniň doly zeperlenmegi zerarly birden ýogalan onlarça adam barada günde habar berýärler. Ýogalanlaryň arasynda tanymal şahsyýetler hem bar.

5-nji ýanwarda agşam Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow aradan çykdy. 72 ýaşly artist pnewmoniýa bilen keselläpdir. Onuň ýogalmagynyň sebäbi infarkt diýlip görkezilipdir. Bu barada Azatlyga merhumyň tanyşlary habar berdiler. Döwlet metbugaty artistiň aradan çykandygy barada maglumat çap etmedi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirusyň ýurtda ýokdugyny aýtmak bilen, muny "uly üstünlik" diýip hasaplaýarlar. Bu ýagdaýda, resmiler COVID-19 keseliniň alamatlary bilen keselleýänleriň we ölüm hadysalarynyň köpelmegine degişli ýagdaýy kommentirlemeýärler.

Ýurduň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda koronawirusyň ýoklugy baradaky beýanatynyň fonunda ýas çärelerine berk çäklendirmeler girizildi. 23-nji dekabrda habarçylarymyz Lebapda häkimligiň dilden eden buýrugy bilen, ýas çäreleriniň irden 9-dan 11-e çenli geçirilmeginiň, barýanlaryň sanynyň bir wagtda 5 adamdan köp bolmazlygynyň talap edilendigini habar berdiler.

Habarçylarymyzyň soňky maglumatlaryna görä, şu günki gün ýas üýşmeleňlerine köp adam gatnaşýar. Hususan-da, Farapda 200-e çenli adam barýar. Käwagt bir köçede birnäçe adam ýogalýar. Ölýänleriň köpüsi 60 ýaşdan geçen adamlar bolup, ölümiň sebäbi pnewmoniýa keseli bilen bagly bolýar.

Türkmenistanda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy geçen ýylyň bahar aýlaryndan bäri dowam edýär. ACCA neşiri tarapyndan Google kartasy esasynda çap edilen maglumatdan soň, ýurduň häkimiýetleri mazarlaryň görünmezligi üçin tekiz bolmagyny buýurdylar. Sputnik suratlarynyň görkezişi ýaly, diňe bir Balkan welaýatynda mart aýynyň ortalaryndan iýul aýyna çenli 1300-den gowrak adam ölüpdir, bu san öňki ýyllara garanyňda birnäçe esse artypdyr.

Bu aralykda, keseliň we ölüm hadysalarynyň köpelmegine we häkimiýetler tarapyndan girizilen çäklendirmeleriň güýçlenmegine garamazdan, ilat toý tutmagyny dowam etdirýär.

Lebapdaky habarçylarymyz welaýatda toýlaryň indi köplenç birnäçe tapgyrlaýyn geçirilýändigini, myhmanlaryň bir gezekde 30-50 adamdan köp bolman, gysga wagtdan çalyşýandygyny habar berýärler. Şeýdip, günüň dowamynda, irden 9-dan öýlän sagat 2-e çenli, toýa ortaça 250-300 adam gatnaşýar. Maska geýilmeýär. Habarçylar toý geçirmek üçin polisiýadan rugsat almalydygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, paranyň bahasy 10 we 25 müň manat aralygynda bolýar.

Bu aralykda aşgabatly lukmanlar ilata köpçülige barmakdan saklanmagy, şol sanda uly zerurlyk bolmasa medisina edaralaryna barmazlygy maslahat berýärler. Anonim şertlerde gürlän lukmanlar saglyk edaralarynda koronawirusyň ýokaşmak howpunyň gyzyl zonasynyň yglan edilendigini öňe sürýärler we Saglyk ministrligine salgylanýarlar. Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň websahypasynda bu barada habar berilmeýär. Resmi sahypadaky habarlarda ilata maska geýmek we iki metr aralygy saklamak maslahat berilýär, şeýle hem howada tozan bölejikleriniň köpelendigi aýdylýar.

Türkmenistanda üzärlik, sazak we buýan köki koronawirusyň öňüni almagyň ýörgünli serişdeleri​ bolmagynda galýar. Muny ýurt baştutany wagyz edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG