Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanda buýanyň 4 görnüşiniň, dünýäde 15 görnüşiniň duş gelýändigini aýtdy.
“Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär” diýip, prezident nygtady. Onuň tassyklamagyna görä, buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar.
Alymlar glisirrizin turşusynyň täze koronawirus ýokanjynyň yaýramagyna päsgelçilik döredyändigini aýdýarlar, buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem koronawirusy ýok etmekde gowy peýda berýär diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
Ýöne ol soňra ýurduň Ylymlar akademiýasynyň başlygyna bu meseläni ylmy tarapdan “düýpli öwrenmegi” tabşyryp, başda aýdan zatlaryny sorag astyna saldy.
Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň derman ösümlikleri” tapgyryndan eden täze teklibi koronawirusa garşy döredilen sanjymlaryň ulanylyp başlan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Metbugat maglumatlaryna görä, ýeterlik möçberde taýyn bolanda, öz çäginde bu kesel resmi taýdan bolmasa-da, Türkmenistan Orsýetde öndürilýän koronawirus sanjymlaryny satyn alar.
Ýurtda ozal görülmedik keselçiligiň we COVID-19 alamatly ölümleriň köpelendigine garamazdan, Türkmenistan koronawirus näsaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.
Şol bir wagtda, başda köp adamly çäreleri geçirmegini dowam etdirip, koronawirus sözüniň metbugatda ulanylmagyna we adamlaryň maska dakynmaklaryna garşy göreşen Aşgabat häzir, ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, dürli saglyk talaplaryny we çäklendirmelerini hökmany düzgüne öwürdi.
Azatlygyň habarçylary bu çäklendirmeleriň ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden has-da berkidilýändigini habar berýärler.
Lebapdaky habarçymyzyň 5-nji gün agşam beren habaryna görä, diňe dermanhanalaryň we azyk dükanlarynyň ir sagat 10-dan öýlän sagat 5-e çenli aralykda açylmagy bilen, Farapdaky bazarlar 27-nji dekabrdan başlap ýapylar.
Şeýle-de, bilim we saglyk ugrunda 55 ýaşdan geçen, beýleki býujet edaralarynda 50 ýaşdan geçen işgärler aýlyksyz, näbelli möhlete çenli rugsada çykarylar diýen maglumat bar. Anonimlik şertinde gürleşen bir resmi aýlyksyz rugsadyň pandemiýa gutarýança dowam etjekdigini aýtdy. Ýöne Azatlyk bu maglumaty resmi çeşmeler arkaly tassykladyp bilmedi.
Mundan başga, orta mekdepleriň okuwçylarynyň gyşky dynç alşynyň 20-nji ýanwara çenli uzaldylmagy planlaşdyrylýar, okuwlaryň onlaýn arkaly okadylmak mümkinçiligine seredilýär we internetdäki problemalary çözmek üstünde işlenýär diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy habar berdi.
Çäklendirmeler ýurduň paýtagtynda hem güýçlendirilýär. Kafeleriň we restoranlaryň ählisini, hatda Oguzkenti hem ýapmak buýruldy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 5-nji gün habar berdi.
Onuň sözlerine görä, köp ýer eýýäm ýapyldy ýa-da 27-siden we 29-yndan ýapylar, diňe “Ýyldyz” açyk bolar we bu ýerde prezidentiň ýegenleri tapgyr birnäçe gün Täze ýyl bellär.
“Giriş biletiniň bahasy 2000 manat. Eýýäm olaryň köpüsi satylyp, azy galdy. Bu ýere ‘saýlantgylaryň’ ählisi we az sanly diplomat, şeýle synaga karar eden adamlar toplanar” diýip, habarçy myhmanhananyň adminstrasiýasyndaky çeşmä salgylanyp habar berdi. Şol bir wagtda, rugsat edilmedik wagtda jemgyýetçilik naharhanalarynda görlen we saklanan şahslara 500 manat jerime salynjakdygy aýdylýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden güýçlendirilýän çäklendirmeleriň ýene bir sebäbi, türkmenabatly söwda işgäriniň Azatlyga aýtmagyna görä, ýurtdaky azyk gytçylygy bilen bagly.
“Azyk ammarlarynda ätiýaçlyk üçin goýlan harytlar tasdan ýok diýerlik, Täze ýylda erkin söwda bolsa, bolanja zatlar hem satylyp gutarylar” diýip, özüni Döwletýar diýip atlandyran resmi aýtdy.
Hünärmenler Türkmenistanyň soňky ýyllarda ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini, hökümetiň krizisden çykmak üçin programmasynyň ýokdugyny aýdýarlar. Resmi Aşgabat krizisi boýun alman, nilliardlarça dollara durýan gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny, ýurduň ilatynyň bol-elin durmuşda ýaşaýandygyny gaýtalaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.