Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýada bolan ýer titremesinde azyndan 35 adam öldi


Halas ediş işgärleriniň gözlegi netijesinde ölenleriň sanynyň artmagynyň ähtimaldygy duýdurdyldy.

15-nji ýanwarda Indoneziýanyň Sulawesi adasynda güýçli ýer titremesi bolup, azyndan 34 adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdy.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugynyň habaryna görä, Günbatar Sulawesi sebitiniň Mamuju etrabynyň 36 km günortasynda bolan 6.2 bally ýer titremesi müňlerçe adamy öýlerinden gaçmaga mejbur etdi.

Häkimiýetler ýer titremesiniň we soňky sarsgynlaryň ýer süýşmegine, elektrik togunyň kesilmegine, köprüleriň, 60-dan gowrak jaýyň, iki myhmanhananyň we welaýat häkimliginiň binasynyň zyýan çekmegine getirendigini aýtdylar.

Günbatar Sulawesi welaýatynyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygy Darno Majid Majene şäherçesinde we goňşy etrapda 35 adamyň ölendigini, halas ediş işgärleriniň gözlegi netijesinde ölenleriň sanynyň artmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Bir gün öň şol sebitde 5.9 ball güýjündäki ýer titremesi bolup, birnäçe öýe zeper ýetdi, ýöne adam pidasy bolmady.

260 million ilatly Indoneziýada, ýerleşýän ýeri bilen baglylykda, ýygy-ýygydan ýer yranmalary, wulkanlaryň gaýnamagy, suw joşgunlary bolup durýar.

XS
SM
MD
LG