Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 näsagylgy şikaýatyna garamazdan, ABŞ 12-nji ölüm jezasyny amala aşyrdy


Protestçiler
Protestçiler

Ýokary kazyýet COVID-19-dan gutulmagyna wagt berilmegi baradaky arzasyny ret edensoň, ABŞ 14-nji ýanwarda ölüm jezasy berlen neşe gaçakçysynyň hökümini ýerine ýetirdi.

1992-nji ýylda ençeme adam öldürmekde günäli tapylan Koreý Jonson 52 ýaşynda Indiana ştatynyň federal türmesinde jezalandyrylyp öldürildi.

Jonson 17 ýyl togtadylan ölüm jezasy geçen ýyl gaýtadan ýerine ýetirilip başlanaly ABŞ hökümeti tarapyndan jezalandyrylan 12-nji tussag boldy.

Aklawçylary, golaýda ýokuşan COVID-19-yň öýkenine ýetiren zyýany sebäpli, öldüriji sanjymyň onuň üçin aşa agyryly boljakdygyny öňe sürdüler.

Emma Ýokary kazyýet aşaky kazyýetiň Jonsonyň jezalandyrylmagynyň we 15-nji ýanwarda ýerine ýetirilmeli başga bir hökümiň ýerine ýetirilmeginiň tussaglaryň COVID-19-dan gutulmagy üçin yza süýşürilmegi baradaky kararyny ret etdi.

Jonson 45 günüň içinde 11 adamyň öldürilmegine getiren toparlaýyn zorluga gatnaşdy. Ol we toparyň beýleki iki agzasy, iri neşe gaçakçylaryny nyşana alýan federal kanun boýunça ölüm jezasyna höküm edildi.

Jonson soňky sözünde “eden jenaýatlary sebäpli gynanýandygyny” we pidalaryň ýatlanmagyny isleýändigini aýtdy.

15-nji ýanwarda öldürilmegi planlaşdyrylan tussag Dustin Higgs. Ol prezident Donald Tramp wezipesinden aýrylmazyndan ozal ölüm jezasy ýerine ýetirilen iň soňky tussag bolar.

Tramp geçen ýyl ölüm jezasynyň gaýtadan ýerine ýetirilip başlanmagyny buýurdy. Prezident saýlanan Jo Baýden 20-nji ýanwarda işe başlanyndan soň, ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmeginiň bes edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG