Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran raýat ikinji türme tussaglygyna höküm edildi


Ruslan Artykmyradow
Ruslan Artykmyradow

Ýehowa şaýatlary guramasynyň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri 2010-njy ýyldan bäri jemi 45 ýaş ýigidi, ynanjy sebäpli ýarag götermekden boýun gaçyrandygy üçin, türme tussaglygyna höküm etdi we edil häzir türkmen türmelerinde 9 sany ýehowa şaýady, wyždan ýesiri hökmünde, jeza çekýär.

Türkmenistanda bir ýehowa şaýady, dini ynanjy sebäpli ýaragly goşunyň hatarynda gulluk etmekden ýüz öwrendigi üçin, ikinji gezek türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýehowa şaýatlarynyň bütindünýä guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň sözçüsi Jarrod Lopeziň 15-nji ýanwar güni giçlik Azatlyk radiosyna iberen hatynda aýdylmagyna görä, bu gurama ýap-ýaňy Ruslan Artykmyradowyň dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun towlany üçin, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda türme tussaglygyna höküm edilendigini anyklapdyr.

“Bu onuň öz ynanjy boýunça harby gullukdan boýun towlany üçin ikinji gezek türmä basylyşy bolýar” diýip, guramanyň hatynda aýdylýar.

Ruslan Artykmyradow mundan öň 2018-nji ýylda, 18 ýaşynda bir ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda, berlen türme möhletini doly tamamlandan soň azatlyga goýberildi. Ýöne görnüşinden, Ruslanyň türmeden boşadylyşy ‘ýalan’ bolup çykdy, has anygy, ol ýene türmä gaýdyp geldi diýip, J.Lopes munuň sebäbini Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýeten ýigitleriň şol bir aýyplama esasynda ikinji gezeke hem jogapkärçilige çekilip bilmegi bilen düşündirýär.

Ýehowa şaýatlary guramasynyň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri 2010-njy ýyldan bäri jemi 45 ýaş ýigidi, ynanjy sebäpli ýarag götermekden boýun gaçyrandygy üçin, türme tussaglygyna höküm etdi we edil häzir türkmen türmelerinde 9 sany ýehowa şaýady, wyždan ýesiri hökmünde, jeza çekýär.

Özüni dünýewi görnüşdäki hukuk döwleti atlandyrýan Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň dini ynanç, islendik dine uýmak ýa-da hiç bir dine uýmazlyk hukuklaryny we beýleki azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şol bir wagtda-da häkimiýetler döwletden aýry hasaplanylýan dini jemagatlary doly gözegçilik astynda saklap, yslam dinini bir adamyň şahsyýet kultuny pugtalandyrmak maksatlary bilen bikanun ulanmakda tankyt edilýär.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň köplenç döwlet kömegi bilen gurulýan metjitlerde ol ýa-da beýleki wezipä bellenilýän adamlardan başlap, haj zyýaratyna iberilýän adamlaryň sanawyna, zyýarata barylýan öwlüýälerdäki sadaka sandyklaryna çenli berk gözegçilikde saklaýandygyny aýdýarlar.

Halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary komiteti Türkmenistana ynanjy sebäpli ýarag götermekden boýun gaçyran ýaşlary türmä basmazlyk baradaky çagyryş bilen ençeme gezek ýüz tutdy, emma Aşgabat, beýleki hukuklar we azatlyklar baradaky çagyryşlarda bolşy ýaly, ýaş ýigitlere alternatiw, raýat hyzmatlary gullugyny hödürlemek baradaky tekliplere baş galdyrmaýar.

J.Lopeziň ýazmagyna görä, BMG-niň Adam hukuklary komiteti şu wagta çenli Türkmenistanda ynanjy sebäpli ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk etmekden ýüz öwren we türmä basylan ýehowa şaýatlarynyň 15 sanysynyň haýryna karar çykardy. Bu meselede iň soňky karar (CCPR/C/126/D/2302/2013) 2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda çykaryldy.

Öz ýurduna ýardamçy boljak, öz ýerli jemgyýetlerinde alternatiw görnüşde, höwes bilen raýat gullugyny etjek ýehowa şaýatlaryny, ýaş ýigitleri türmä basmak bilen, J.Lopeziň pikiriçe, Türkmenistan ýitgi çekýär.

“Türkmenistanyň parahat ýaş hristian ýigitlerine zulum etmegini dowam etdirmegi aýyp. Ruslan ýaly ýaş hristianlar alternatiw gulluk mümkinçiligi berilse, örän hoşal bolardy” diýip, dini guramanyň sözçüsi olaryň türmä taşlanmagyna we özleriniň eý göýän maşgalalaryna we jemgyýetlerine kömek etmekden mahrum edilmegine gynanç bildirýär.

“Türkmenistan ýakyn wagtda öz kanunçylygyna halkara kadalaryna laýyk gelýän üýtgetmeler girizer we parahat ýigitleriň gereksiz tussag edilmegini bes eder diýip umyt edýäris” diýip, Lopez Azatlyga iberen hatyny umytly soňlaýar.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denberiň tassyklamagyna, ynanç sebäpli ýarag götermekden boýun gaçyrmak din azatlygy hukugyny ulanmagyň kanuny we parahatçylykly usuly bolup durýar.

“Munuň üçin hiç kim gözenegiň aňyrsynda goýulmaly däldir. Türkmen hökümeti Ruslan Artykmyradowy we ýarag götermekden boýun gaçyrandygy sebäpli türmede oturan beýleki sekiz ýehowa şaýadyny haýal etmän boşatmaly hem-de şeýle sebäp bilen adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek tejribesini bes etmeli” diýip, Denber Türkmenistanda dini ynanjyna görä ýarag götermekden boýun gaçyrýanlar üçin alternatiw gullugyň döredilmegine bireýýäm wagt ýetendigini ýatladýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG