Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjy gurama Türkmenistanda Ýehowa şaýatlarynyň yzarlanmagy barada türkmen ombudsmenine Açyk hat ýollady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

6-njy oktýabrda Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy guramasy Türkmenistanda Ýehowa şaýatlarynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi we olaryň yzarlanmagy barada Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa Açyk hat ýollady.

“Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy Sizden Türkmenistanyň raýatlaryny – Ýehowa şaýatlaryny dini ynançlary üçin harby gullukdan boýun gaçyrmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekmek praktikasynyň bes edilmegine ýardam bermegiňizi soraýar” diýip, guramanyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiline iberen açyk hatynda aýtdy.

Türkmen inisiatiwasy din azatlyklaryna gözegçilik edýän Forum 18 guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, häzirki wagtda Türkmenistanda 11 Ýehowa şaýadynyň türmede saklanýandygyny aýdýar we olaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlary ombudsmeniň dykgatyna hödürleýär.

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy Ýehowa şaýatlarynyň Türkmenistanda yzarlanmagy barada “Türkmenistanyň hronikasy neşirinde çap eden aýrybaşga habarynda olaryň dogan-garyndaşlaryna-da häkimiýetler tarapyndan basyş görkezilýändigini aýdýar.

Türkmen ombudsmenine ugradylan Açyk hatda Türkmenistanda dini ynançlary üçin harby gullukdan boýun gaçyrandyklary sebäpli tussag edilen Ýehowa şaýatlarynyň ählisiniň hem hat üsti bilen, hem-de dilden häkimiýetlere özleriniň raýatlyk borjuny alternatiw gulluk arkaly berjaý etmäge taýýardyklaryny aýdandyklary, ýöne türkmen kanunçylygynyň beýle mümkinçiligi hödürlemeýändigi, bu ýagdaýyň bolsa raýat we syýasy azatlyklar boýunça Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gabat gelmeýändigi bellenilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama türkmen ombudsmeninden Türkmenistanda alternatiw raýat gullugynyň girizilmegi, dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlaryň yzarlanmagynyň bes edilmegi hem-de iş kesilen Ýehowa şaýatlarynyň gynamalara ýa-da adamkärçiliksiz çemeleşmelere duçar bolan halatynda, olary goramak üçin täsirli çäreleriň üpjün edilmegine ýardam bermegi soraýar.

Türkmen kazyýeti awgust we sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň esasynda üç Ýehowa şaýadyny azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykardy.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber bu tussag etmeleriň yzýany beren beýanatynda Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandan soň azatlykdan mahrum edilen adamlaryň boşadylmagyna çagyrdy.

8-nji sentýabrda Ýehowa şaýatlarynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyk Radiosyna iberen hatynda 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda 24 Ýehowa şaýadynyň tussaglyga höküm edilendigini, olardan 11 şaýadyň heniz hem tussaglykda galýandygyny habar berdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli 24-nji sentýabrda 800-den gowrak bendiniň günäsi geçildi. Ýöne olaryň hatarynda tussaglykdaky Ýehowa şaýatlary ýok.

“Türkmenistanyň biziň dindeş ýoldaşlarymyzy günäleri geçilen jenaýatçylardan hem has beter jenaýatçy hasaplamagy utançly ýagdaý. Hökümet parahatçylykly Ýehowa şaýatlaryny olaryň hristian ynançlary sebäpli ala tutýar. Hakyky jenaýat bu ýigitleriň öz maşgalalaryna we jemgyýetlerine alternatiw gulluk arkaly goldaw bermek mümkinçiliginden mahrum edilmegidir” diýip, Ýehowa şaýatlary guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopes günä geçişligiň yzýany Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 18-nji maddasyna hem-de Raýat we syýasy hukuklar boýunça halkara şertnama esaslanyp, her bir adamyň ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmagyny pikir, wyždan we din azatlyklarynyň kanuny ýerine ýetirilmegi hökmünde ykrar edýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda raýat azatlyklarynyň, din-wyždan, söz-beýan, metbugat azatlyklarynyň depelenmegini berk tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG