Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda täze metjit açyldy, synçylar diniň hakykata garşy ulanylýandygyny aýdýarlar


Balkanabatda açylan täze metjit
Balkanabatda açylan täze metjit

Berdimuhamedow Balkanda täze metjit açyp, ýene galam hakyndan sadaka berdi. Synçylar ýurtda dörän ykdysady çökgünligiň barha çuňlaşýan şertlerinde güýçlenen metjit wagyzlaryna prezidentiň halk arasynda peselen abraýynyň dini wagyz-nesihatlar bilen dikeldiljek bolunmagy hökmünde garaýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji noýabrda Balkan sebitine sapar edip, Balkanabatda gurlan metjidiň açylyşyna gatnaşdy. Bu bir ýylda açylan ikinji uly metjit boldy.

TDH prezidentiň metjide täze awtoulag sowgat berip, galam hakyndan sadaka berendigini, milli däpleriň köpräk wagyz edilmegini tabşyrandygyny habar berýär. Emma habarda täze awtoulagyň haýsy hasapdan sowgat berlendigi, metjidiň gurluşygynyň bahasy anyklaşdyrylmaýar.

Ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurlan iki gatly binada birbada 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi, timar işlerinde mermer, granit, agajyň gymmat görnüşleri ulanyldy diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de neşir metjidiň minaralarynyň her biriniň boýynyň 63 metre, gümmeziniň beýikliginiň 40 metre deňdigini, onuň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýynyň, 50 orunlyk myhmanhananyň we awtoduralganyň göz öňünde tutulandygyny belleýär.

Döwlet baştutanyny alkyşlamaga bagyşlanan nobatdaky dabara Türkmenistanyň din azatlygy boýunça boýun alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine edilýän çagyryşlaryň has ýygjamlanan wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda başlanan metjit gurluşyklary soňky ýyllarda, ýurtda dörän ykdysady çökgünligiň barha çuňlaşýan şertlerinde, täzeden alnyp göterildi we synçylar bu ýagdaýa Berdimuhamedowyň halk arasynda peselen abraýynyň dini wagyz-nesihatlar bilen dikeldiljek bolunmagy hökmünde garaýarlar.

Mysal üçin, 2009-njy ýylda Maryda ulanmaga berlen metjide "Gurbanguly hajy metjidi" diýen at dakyldy we ol soň 2015-nji ýylda Daşoguzda, 2018-nji ýylda Aşgabatda, şu ýyl Lebapda açylan metjitlerde prezidentiň şahsyýetini 'ýalan sözler bilen mukaddesleşdirmek' synanyşygynyň göreldesini görkezdi diýip, synçylar aýdýar.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, türkmen häkimiýetleri din wekillerini dowamly azyk gytçylygy barada çykýan habarlary inkär etmek, 'ilatyň bol-elin ýaşaýandygyny’ ynandyrmak synanyşyklarynda, Azatlyk radiosynyň maglumatlaryna ynanmazlyga çagyrmakda hem ulandylar we bu tejribe soňra ýurtda ýok diýilýän pandemiýanyň öňüni almak üçin dakynmaly ýüz maskalarynyň ähmiýetini düşündirmekde pem peýdaly tapyldy.

Türkmenistan din azatlygy boýunça aýratyn alada döreýän ýurtlaryň biri bolmagyna garamazdan, döwletiň wahhabist bolmakda güman edilýänlere zor bilen arak içirmek, raýatlaryň sakgalyny zor bilen syrmak, wyždan azatlygyna ters gelýän zoňtar hereketleri barada Azatlygyň çap eden maglumatlaryna hiç bir düşündiriş bermeýär.

Ýöne bellemeli ýeri, 2017-nji ýylda Balkan welaýatynyň käbir ymamlary sebitdäki mazar daşlarynyň ýüzündäki suratlara garşy göreşip, olary aýyrtmak ýa şekilden arassalatmak kampaniýasyna başlanda, Azatlygyň beren maglumatlary ýerli ymamlaryň wandalizm, ýykgynçylyk niýetleriniň başa barmazlygyna alyp geldi.

Osloda dini habarlary çap edýän "Forum 18" habar gullugynyň redaktory Feliks Körliniň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri diňe ýehowa şaýatlaryny we beýleki dini azlyklary däl, eýsem döwlet gözegçiliginden daşarda öz dini ynanjyna uýmaga çalyşýan musulmanlary hem berk gözegçilikde saklap, yzygiderli ýanaýarlar.

Bu pikiiri Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli dindar hem tassyklady we döwlet uçarynda haj zyýaratlaryny gurnap, häkimiýetleriň saýlan adamlarynyň Mekge-Medinä iberilmeginiň öz ynanjyna hakyky hormat goýýan dindarlaryň göwnüne ýaramaýandygyny, ýöne olaryň giň ýaýran repressiýa sebäpli pikirini açyk aýtmaýandygyny aýtdy.

Berdimuhamedow balkanly dindarlar bilen eden gürrüňinde yslam dininiň adamlary halallyk, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtdaky agyr işsizlik şertlerinde gurulýan we ykdysady taýdan gümürtik hasaplanýan desgalaryň gurluşygynyň arkasynda uly möçberlerdäki ogurlygyň gizlenýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG