Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bolan harby dikuçar heläkçiliginde üç serhetçi öldi


Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň AW-109 dikuçary (bezeg suraty)
Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň AW-109 dikuçary (bezeg suraty)

Geçen hepdäniň dördünji güni türkmen-eýran serhediniň golaýynda bolan harby dikuçar heläkçiligi netijesinde türkmen serhetçileriniň üç sanysy wepat boldy. Heläkçilik 14-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen ir sagat 9:30 töwereginde, Akbugdaý etrabynyň çägindäki Ýaşlyk şäherçesiniň golaýynda boldy.

Şaýatlaryň we Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, harby dikuçar Eýran bilen serhetleşýän ýerlerden uçup barýarka, dumanly howadaky görüş mümkinçiliginiň ýaramazlygy sebäpli, ýokary woltly elektrik geçiriji liniýanyň sütünine urupdyr. Uçardaky üç serhetçiniň ählisi heläk boldy.

Serhet gullugynyň dikuçarynyň heläkçilige uçrandygy baradaky habar Azatlyk radiosyna dördünji gün agşamlyk gelip gowuşdy, ýöne şol wagt bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak mümkin bolmady.

Altynjy gün bu maglumaty Türkmenistanyň başga bir sebitiniň serhet galasynda gulluk edýän ofiser tassyklady. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, Azatlyk öz çeşmeleriniň ýüze çykarylmagyna getirip biljek jikme-jik maglumatlary çap etmekden saklanýar.

Serhetçiniň we wakanyň şaýatlarynyň sözlerine görä, şol gün howa bulutly bolup, Akbugdaý etrabynyň çägindäki serhet meýdany goýy duman bilen örtülipdir.

Türkmen-eýran serhediniň alkymynda, Ýaşlyk şäherçesiniň golaýynda uçan dikuçar, görnüşiň ýaramazlygy sebäpli M37 awtoulag ýolunyň ugrundaky ýokary woltly elektrik liniýasynyň sütünleriniň birine gelip urdy. Ýaşlyk şäherçesi Aşgabatdan 60 km gündogarda ýerleşýär.

Wakanyň şaýatlarynyň sözlerine görä, dördünji gün irden bu sebiti goýy duman gaplansoň, heläkçiligiň sebäbi görmek mümkinçiliginiň pes bolmagy bilen bagly bolup biler.

Görnüşinden, dikuçar serhet boýunda gündogardan günbatara tarap birnäçe kilometr uçup, yzyna, türkmen topraklarynyň jümmüşine dolanmak üçin demirgazyga tarap ugur aldy. Emma birnäçe ýüz metr uçan dikuçar awtoulag ýolunyň gapdalyndaky ýokary woltly sütüne urdy.

Serhet gullugynyň ofiseri Azatlyk radiosyna harby dikuçaryň bortunda üç sany serhetçiniň, şol sanda 43 ýaşyndaky kapitanyň bolandygyny gürrüň berdi. Ol bu ofiseriň Lebap sebitinden bolandygyny hem sözüne goşdy. Heläk bolan beýleki serhetçiler baradaky jikme-jiklikleri anyklap bolmady.

Şeýle-de, harbylary alyp barýan dikuçaryň haýsy serhet galasyna degişli bolandygyny anyklamak mümkin bolmady. Emma başga bir sebitde Azatlyk bilen gürleşen serhetçiniň çaklamasyna görä, onuň goňşulykdaky Kaka sebitindäki harby bölümden uçup giden bolmagy ähtimal.

Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew 14-nji ýanwarda wakanyň bolan ýerine baryp gördi.

Türkmen goşunynda harby gullukçylaryň ýygy-ýygydan heläk bolmagy adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolan ýol-awtoulag hadysasynda azyndan bäş, başga maglumatlara görä 11 serhetçi heläk boldy.

Azatlygyň habarçylary 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Mary sebitindäki serhet galasynyň serkerdeleriniň onlarça esgeri daglyk ýerlere pisse ýygnamaga iberendigini habar berdiler.

40 esgeri "Ural" belgili harby awtoulagyň nowasyna mündürdiler. Ýük maşyny dag ýoly bilen ýokaryk galanda agdarylyp, birnäçe adamyň ölmegine we 20-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habarçylary esgerleriň gulluk etmeli bolýan agyr şertleri, şol sanda gowaça meýdanlarynda we beýleki işlerde mejbury zähmetde ulanylyşlary barada yzygiderli habar berýärler.

Mundan başga, esgerlere serkerdeler ýa-da gullukdaşlary tarapyndan edilýän sütemler barada ýygy-ýygydan habar berilýär. Bu sütemler netijesinde her ýyl onlarça ýaş ýigit öldürilýär ýa-da maýyp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri goşunda ýogalan harby gullukçylar baradaky habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler. Şeýle-de, harby gulluk wagtynda öldürilen ýa wepat bolan ýigitleriň takyk sany belli däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG