Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda we Daşoguzda esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär


“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň websaýtyndan alnan surat
“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň websaýtyndan alnan surat

Marynyň dürli etraplarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär diýip, garaşsyz habar serişdesi habar berýär. Bu habar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň pagta ýygymynyň heniz hem dowam edýändigini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň 3-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, harby egin-eşigindäki esgerler “Ural” we “KamAZ” kysymly uly ýük ulaglarynda pagta meýdanlaryna getirilip, olardan pagtanyň galan böleklerini ýygnamak talap edilýär.

“Biziň synçymyz bu suratlary Marynyň administratiw merkezinden 15 kilometr uzaklykdaky Mary GRES posýologynyň golaýynda düşürdi. Ýerli daýhanlaryň biriniň ekin meýdanyna 40 töweregi esgeri getirdiler. Käbir esgerler eginbaşyny hapalamazlyk üçin penjegini çykaryp, diňe maýkaly pagta ýygdylar” diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Neşir kärendeçi Nurgeldiniň sözlerine salgylanyp, “pagta möwsüminiň ahyrynda hakyna tutar ýaly adamyň hem tapdyrmaýandygyny, sebäbi 1 kilogram pagta üçin 20 teňňe töleg tölenýändigini we bu nyrha sowuk howada hiç kimiň pagta ýygmak islemeýändigini” belleýär.

“Dürli sebäplere görä pagta ýygymyny doly tamamlap bilmedik kärendeçiler harby bölümleriň ofiserleri bilen “ylalaşýarlar”. Ýygylan 1 kilogram pagta üçin 20 teňňe tölenýär. Ýöne bu töleg esgerlere däl-de, ofiserlere gowşurylýar” diýlip, neşir ýazýar.

Habarda neşiriň ýurt içindäki synçylarynyň çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň mejbury pagta ýygymyna çekilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýa Daşoguz welaýatynda hem duş gelendigine üns çekilýär.

“Daşoguzyň Garadaşly obasynyň golaýynda ýerleşýän harby bölümleriň komandirleri esgerleri Gurbansoltan eje etrabyna degişli Üç kepderi sebitiniň golaýyndaky pagta meýdanlaryna alyp gitdiler” diýlip, habarda aýdylýar.

Bu maglumatlar, 30-njy noýabrda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň pagta ýygymynyň heniz hem dowam edýändigi, ähli ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli çäreleriň görülýändigi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi taýdan 31-nji awgustda badalga berildi we 9-njy noýabrda döwlet resmileri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygnalyp, bu ýylky borçnamanyň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Emma ýurtda pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilip, hasyl toýunyň toýlanandygyna garamazdan, howanyň temperaturasy 0-5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde býujet işgärleriniň we esgerleriň mejbury pagta ýygymyna çekilmegi barada Azatlyk Radiosy we garaşsyz habar serişdeleri yzygiderli habar berýär.

26-njy noýabrda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy tagtabazarly ýygymçylaryň gozasy açylmadyk gowaçalary açyp, olaryň heniz bişmedik, çig pagtasyny hem ýygmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

Beýleki bir habarçymyz hem, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Türkmengala we Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynda pagta ýygymynyň noýabr aýynda hem dowam edýändigini aýdypdy.

Sentýabr we oktýabr aýlarynda Azatlygyň habarçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini habar beripdiler.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany pagta ýygymy kampaniýasy döwründe mejbury adam zähmetinden peýdalanmakda indi ençeme ýyl bäri tankyt edip gelýärler.

Maglumat üçin aýtsak, “atlas.media.mit.edu” websaýtynyň “Ykdysady çylşyrymlylyga syn” atly bölüminde aýdylmagyna görä, 2016-njy ýylda Türkmenistanda pagta – tebigy gazdan, çig nebitden we arassalanan nebitden soňra – ýurduň daşary döwletlere eksport edýän esasy harytlarynyň dördünjisini emele getirýär.

XS
SM
MD
LG