Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Karantinde işleýän medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy etmeli bolýar


Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda üç hassahana COVID-19 alamatly hassalary kabul etmek üçin karantinde galýar. Olar Türkmenabadyň şäher hassahanasy, welaýat köpugurly hassahanasynyň bir bölümi we Ýokanç keselleri hassahanasydyr. Karantin zonalarynda işleýän medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy etmeli bolýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, hassahanalar näsaglary gezekleşip kabul edýär. “Meselem, şäher hassahanasy dolsa, Köpugurly hassahana näsaglary kabul edýär, ol dolsa, Ýokanç keselleri hassahanasy kabul edýär” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, ähli karantin zonalarynda işleýän medisina işgärleri öz hasabyna çykdajy edip, karantinde işlän döwründe şahsy gigiýena harytlaryny öz hasabyna satyn alýarlar. “Hökümet tarapyndan kömek ýok” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, medisina işgärleri 14 günlük karantin iş günleriniň dowamynda 400 manada golaý çykdajy edýärler. Bu çykdajylar gündelik üç wagtyna naharlanmagy, sabyn, şampun, diş pastasy ýaly şahsy gigiýena harytlaryny satyn almagy öz içine alýar. “Hajathana kagyzyny hem ýanyň bilen alyp barmaly” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen soňky mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýiti ýokanç kesele garşy göreşýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyklaryna goşmaça hak tölemek barada buýruga gol çekdi.

“Ýöne heniz tölenen pul ýok” diýip, bir lukman atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysyna maglumat berdi. Ol degişli medisina işgärlerine goşmaça hak tölenen halatynda-da olaryň şu wagta çenli eden goşmaça çykdajylarynyň öweziniň dolunmajakdygyny çaklady.

“15-nji dekabrda [Lebabyň] welaýat köpugurly hassahanasy karantin üçin ýapylanda, birinji topar medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy edip, öz iýjek naharlary üçin pul toplanyşyp, karantine giripdirler” diýip, beýleki bir lebaply gürrüň berdi.

Galyberse-de, habarçy karantine alnan hassahanalarda aýlyk haklaryň aşaklandygyny habar berdi. “Sebäbi olar döwlete girdeji berip bilenok. Biziň aýlygymyz girdejä baglydy. Näçe döwlete pul tabşyrsak, şonça-da aýlyk haky gowy çykýardy” diýip, bir lukman atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda kabul edilen Saglyk maksatnamasynyň çäginde saglyk edaralary hojalyk hasaplaşygyna geçirilipdi.

Bu aralykda, Türkmenistan koronawirusa garşy Russiýada öndürilýän “Sputnik V” sanjymyny satyn almaga isleg bildirýär. Bu barada Russiýanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmi web-saýty 25-nji dekabrda habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýanyň saglyk ministrliginde ýokary derejeli rus saglyk resmileri bilen duşuşdy. “Türkmen tarapy rus waksinasyny satyn almaga gyzyklanma bildirdi” diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistan öz çäginde şu wagtda çenli resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 hadysasy barada habar bermedi. 25-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow ýurduň “çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreleriň” görlendigini ýene bir gezek gaýtalady.

Şeýle-de, prezident koronawirusa garşy göreşde buýan köküniň netijeli derman bolmak ähtimallygyny öňe sürdi.

“Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär” diýip, prezident aýtdy.

Mundan ozal, Berdimuhamedow koronawirusa garşy ýüzärlik tütetmek teklibini öňe sürüpdi. Prezidentiň öňe sürýän halk tebipçilik emleriniň täze koronawirusa garşy täsirlidigi ýa-da däldigi barada ylmy subutnama elýeterli däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG