Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganataly ýaşaýjylar internetiň pes tizliginden hem-de gymmat bahasyndan şikaýat edýärler


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Ýerli ýaşaýjylar mobil internetiň pes tizligini "pyşdylyň tizligine" deňeýär.

Darganataly ýaşaýjylar mobil internetiň pes tizliginden hem-de onuň gymmat bahasyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji ýanwarda Lebapdan habar berdi.

Habarçy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan bir darganataly ýaşaýjy Türkmenistanyň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet bukjalarynyň örän gymmatdygyny aýtdy.

“1 giga baýt (GB) internet paketiniň bahasy 55 manat. Bu türkmenler üçin örän gymmat. Dollaryň resmi kursunda bu 16 dollar töweregi bolýar” diýip, darganataly gürrüň berdi.

“Bu dünýäde iň gymmat internet bolsa gerek” diýip, ol pikir ýöretdi.

Dünýä ýurtlarynda Internetiň bahalaryny we tizligini deňeşdirýän cable.co.uk saýtynyň geçen ýyl ýaýradan iň soňky hasabatyna görä, Türkmenistan 1 giga baýtlyk mobil internetiň bahasy boýunça dünýäde 206-njy orunda durýar.

Bu aralykda, habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme darganataly ýaşaýjylar mobil internetiň tizliginiň hem juda peselendigini aýdýarlar.

Bir ýaşaýjy Internetiň Darganatadaky tizliginden dert ýandy, ony “pyşdylyň tizligine” deňedi.

Onuň sözlerine görä, “IMO üsti bilen surat ugratmak ýa-da wideo arkaly gürleşmek asla mümkin däl” diýen ýaly. Türkmenistanda iri sosial saýtlar we messenjerler petikli galýan mahaly, ilat arasynda IMO messenjeri meşhurlyk gazandy.

“Ýönekeý hat ugratmak üçin hem köp garaşmaly bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, daşary döwletlerdäki dogan-garyndaşlary, ýa-da tanyş-bilişleri bilen Internet arkaly habarlaşmak isleýän käbir oba ýaşaýjylarynyň arasynda ýokary tizlikli internet tapmak umydy bilen şäher ýerlerine gatnaýan adamlar bar.

Cable.co.uk saýtynyň hasabatyna görä, 1 GB mobil internetiň bahasy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan dünýäde üçünji orunda durýar. Hasabata görä, Gyrgyzystanda 1 GB mobil internet 2020-nji ýylyň tomsunda ortaça 21 sente durýardy.

Türkmenistanyň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk mobil operatorydyr. Şol bir wagtyň özünde, “Türkmentelekom” milli aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk internet üpjünçisidir.

Ýurtda iri daşary ýurt sosial torlary we messenjerler petikli galýan mahaly, milli aragatnaşyk kompaniýalary ilaty ýerli messenjerlerden peýdalanmaga çagyrýar.

“Altyn asyr” kompaniýasynyň web-saýty ulanyjylary “tmchat” atly ýerli messenjerden peýdalanmaga çagyrýar. Maglumatdan çen tutulsa, “tmchat” Whatsapp, Telegram ýaly iri messenjerleriň ýerli ekiwalenti bolup durýar. Ol tekst, audio hem-de wideo çat hyzmatlaryny hödürleýär. Ýöne halkara ekspertler Türkmenistanda häkimiýetleriň elektron aragatnaşygyň ähli görnüşini, hususan-da Internet aragatnaşygyny berk gözegçilikde saklaýandygyny aýdýarlar we ýerli messenjerleriň ygtybarlylygyny sorag astyna alýarlar.

Whatsapp we Telegram ýaly iri messenjerler hat we maglumat alyşmakda öz platformalarynyň howpsuzdygyny aýdýarlar.

“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän “tmchat” messenjeri Google Play Store-yň ulanyjylaryndan 5-den 2,4 baha alypdyr (2,4/5). Ýerli messenjer barada pikir beýan eden ulanyjylar onuň dizaýnynyň Whatsapp-a meňzedilmäge synanyşylandygyny aýdýarlar.

Mundan ozal, Türkmenistan elektron platformalaryny millileşdirmek tagallalarynyň çäklerinde sanly.tm atly elektron hat ulgamyny hödürledi. Milli aragatnaşyk kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu platformany “Türkmentelekom” hödürleýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda häkimiýetlere bildirilýän garşylygyň güýçlenmegi bilen, hususan-da soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler Internete gözegçiligi güýçlendirdi, VPN hyzmatlaryny hödürleýän adamlary yzarlady.

Bu basyşlaryň çäginde, geçen tomus Azatlygyň habarçylary Aşgabatda 30 töweregi telefon ussasynyň tussag edilendigini habar berdiler. Güýzüň başynda häkimiýetler VPN hyzmatlarynyň köpüsini petikledi.

Galyberse-de, Türkmenistanda internetiň pes tizligi koronawirus pandemiýasynyň arasynda daşary ýurt okuw jaýlaryndaky sapaklaryny Türkmenistandan onlaýn geçmeli bolýan raýatlaryň okuwyny kynlaşdyrdy.

Türkmenistanda häkimiýetler ýerli messenjerler, ýerli elektron poçta ulgamlary bilen bir hatarda ýerli önümçilige degişli elektron enjamlary ilata hödürleýär. Ýurt raýatlary ýerli önümçilige degişli enjamlaryň hilinden şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG