Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Farapda Internetiň tizliginiň pese gaçmagy studentleriň onlaýn sapaklaryny bökdeýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda Internetiň tizligi çäklendirilip, ondan peýdalanmak barha kynlaşýar. Bu ýagdaý koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndaky okuwlaryny onlaýn görnüşinde dowam etdirýän türkmen studentleri üçin dürli kynçylyklary döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Lebapdan habar berdi.

"1-nji noýabrdan bäri Farapda mobil aragatnaşyk operatory TmCell tarapyndan we "Türkmentelekomyň" öý telefonlarynyň üsti bilen hödürlenýän Internet haýal işleýär. IMO messenjeri arkaly daşary ýurtlara surat ibermekde ýa-da wideo jaň amala aşyrmakda kynçylyklar bar. Şekilleriň hili peselip, audio sesler dury eşidilmeýär" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, munuň sebäpleri barada TmCell mobil aragatnaşyk operatory we "Türkmentelekomyň" edarasy aç-açan düşündiriş bermeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň agzalýan edaralardan kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Habarçy bu ýagdaýyň adaty ilat bilen bir hatarda, daşary ýurtlardaky okuwlaryny onlaýn görnüşinde dowam etdirýän türkmen studentleri üçin hem dürli kynçylyklary döredýändigini aýdýar.

"Internetiň tizligi sapaklary diňlemäge ýetmeýär. Audio we wideo kesilip galýar. Bu ýagdaýa Ukrainadaky pedagoglar hem gaharlanýar. Biziň talyplarymyz olaryň öňünde utanyp, ýere girýändiklerini we kemsinýändiklerini aýdýarlar" diýip, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan, özüni Zarina diýip tanyşdyran faraply student habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Belläp geçsek, bu daşary döwletlerdäki okuwlaryny taşlap, Türkmenistana dolanan türkmen studentleriniň ýurtdaky Internetiň hilinden şikaýat etmegi bilen bagly ilkinji habar däl.

Martyň ahyrynda koronawirus sebäpli Hytaýdan Türkmenistana dolanan türkmen studentleri Internetiň tizligi pesligi sebäpli onlaýn sapaklar gatnaşmakda bökdençlik çekýändiklerini we munuň diplomlaryny almakda uly kynçylyk döredip biljekdigini aýdypdylar.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy “TmCell” mobil aragatnaşyk operatorynyň Aşgabatdaky edarasynda işleýän bir çeşmä salgylanyp, 1-nji dekabrdan başlap ýurtda “Zoom” messenjerine çalymdaş türkmen messenjeriniň işläp başlajakdygyny habar berýär.

Ýöne adynyň efirde aýdylmazlygyny soran çeşme habarçymyza beren maglumatynda türkmen häkimiýetleriniň bu messenjeriň üsti bilen raýatlary doly yzarlamagy maksat edinýändigini aýtdy.

“Bu messenjeri Internetden telefona ýüklän wagtyňdan başlap, raýatlaryň sim kartlaryndaky we telefonlaryndaky ähli maglumatlar ýörite gulluklaryň bazasyna ugradylýar. Hatda raýatlaryň nirede, haýsy adresdedigini anyklamaga mümkinçilik berýär” diýip, çeşme habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada “Türkmentelekomdan” we onuň düzümindäki “TmCell” mobil aragatnaşyk operatoryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda Internet hyzmatlary doly döwletiň gözegçiliginde saklanyp, döwlet eýeçiligindäki "Türkmentelekom" kompaniýasy ýurtdaky ýeke-täk Internet prowaýderi bolmagynda galýar.

Ýurt häkimiýetleri tizligi ozal hem öwerlikli bolmadyk Internet hyzmatlaryny yzygiderli çäklendirip gelýärler. Şeýle-de, Internete gözegçiligi güýçlendirip, wagtal-wagtal VPN-i bloklaýarlar.

Halkara guramalarynyň Internet azatlygy, tizligi we elýeterliligi boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna tankyt edilip, dünýäde iň ýaramaz görkezijilere eýe ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär. Seyle-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "internetiň duşmanlarynyň" sanawyna goşulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG