Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerine sosial torlardan peýdalanmagy tabşyrdy, ýöne...


Sosial media
Sosial media

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda ýurduň habar beriş serişdeleriniň hem-de medeniýet pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýene bir gezek ýurtdaky “ösüşleriň” media arkaly wagyz edilmegini talap etdi. Bu barada TDH habar berýär. Öňki propaganda talaplaryndan tapawutlylykda, bu sapar prezident köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde meşhur sosial media saýtlaryndan peýdalanmagy tabşyrdy.

Maslahata hökümet başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary Bahargül Abdyýewa, prezidentiň metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýew, TDH-nyň başlygy Bekdurdy Amansaryýew hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň başlygy Maýsa Saryýewa gatnaşdy.

Medeniýet we media ulgamynda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleler bilen bir hatarda, “prezident milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin içerki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny meşhur sosial torlara ýerleşdirmegiň möhümdigini nygtady” diýip, TDH ýazýar.

Agentlik bu barada türkmen dilinde beren habarynda “sosial torlar” ýa-da sosial media sözlerine derek umumylaşdyryp, “Internet” ýa-da “sanly ulgam” sözlerini ulanýar, sosial torlary agzamaýar.

Bellemeli ýeri, prezidentiň resmi medianyň işinde sosial torlardan peýdalanmak barada beren tabşyrygy, TDH-nyň habaryndan mälim bolşuna görä, ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi maksat edinýär. Prezidentiň tabşyrygynda sosial medianyň ýerli auditoriýalary zerur maglumatlar bilen üpjün etmekdäki ähmiýeti agzalmaýar.

Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri ähli iri sosial torlary, şol sanda YouTube, Facebook, Instagram, Twitter ýaly ulgamlary petikli saklaýar. Galyberse-de, hökümete degişli bolmadyk “Qurium Media Foundations” şwed guramasynyň geçen ýyl beren hasabatyna görä, Türkmenistanda sosial media bilen bir hatarda dünýädäki BBC, Reuters, DW ýaly iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň web-saýtlary hem petikli saklanýar.

Galyberse-de, prezidentiň resmi media we metbugat serişdeleriniň işinde sosial mediadan peýdalanmak barada beren tabşyrygy daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hökümete garşy sosial media arkaly guramalaşýan wagtyna, ýurt içinde sosial torlardan öz syýasy pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge synanyşýan adamlaryň bolsa berk yzarlamalara sezewar edilýän wagtlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy 24-nji iýunda ýurduň içinde oturyp, sosial media arkaly öz syýasy garaýyşlaryny beýan eden türkmen aktiwistiniň hem-de onuň ejesiniň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda saklanandygyny habar berdi. Türkmen howpsuzlyk edaralary onuň saklanmagynyň sebäpleri boýunça beýanat bilen çykyş etmeýär.

Türkmenistan metbugat azatlygyny berk çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda galýar. “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça aprel aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan bu reýtingde dünýädäki 180 ýurduň arasynda 179-njy orunda ýerleşdirildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň hökümeti Twitter we Facebook ulgamlarynda özüniň resmi hasaby bolmadyk az sanly ýurtlaryň hatarynda galýar. Ýöne bu ýagdaýyň üýtgemek ähtimallygy, ýurduň iň azyndan daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň sosial ulgamlarda hasap açmak ähtimallygy barada resmi kanallaryň üsti bilen dürli maglumatlar peýda bolýar.

Sosial media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow 21-nji iýunda Birleşen Ştatlarda geçirilen bir onlaýn simpoziumda eden çykyşynda häzirki wagtda ilçihananyň sosial media hasaplaryny açmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny gürrüň berdi. Ilçi sosial hasap açmak üçin zerur bolan işleriň jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmady.

Prezident Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde elektron neşirleri giňeltmek barada-da gürrüň etdi. Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy 2019-njy ýylda ýurtda çap edilýän ähli gazet-žurnallary onlaýn ulgama ýerleşdirip başlady. Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň hem-de Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz çeşmeleriň web-saýtlary petikli saklanýar.

Türkmen prezidentiniň sosial mediadan peýdalanmak barada eden talaby, ýurtda petikli ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanjynyň dörän bolmak ähtimallygy barada beren habaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “galp” atlandyrmagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG