Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýlerde COVID testi, antiseptikleriň howadan we traktordan sepilmegi. Türkmenistan koronawirusa garşy göreşýär


Jemgyýetçilik transporty, Aşgabat, iýul, 2020.
Jemgyýetçilik transporty, Aşgabat, iýul, 2020.

Türkmenistanyň paýtagtynda lukmanlar we şepagat uýalary öýme-öý aýlanyp, koronawirusly adamlary kesgitleýärler, olaryň goňşularyny keselhanalarda test etmäge iberýärler we käbir ýagdaýlarda öýlerine baryp, test geçirýärler. Welaýatlarda bolsa, howadan uçarly we ýerlerde traktorlardan antiseptikler sepilýär hem-de munuň üçin ilatdan pul ýygnalýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler. Häkimiýetler, ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän hem bolsalar, ilata rus waksinasy bilen sanjym etmäge taýynlyk görüp, Sputnik V waksinasyny Merkezi Aziýada ilkinji bolup hasaba aldylar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda lukmanlar we şepagat uýalary öýme-öý aýlanyp, näsaglaryň bolup-bolmazlygyny anyklaýarlar, hassalaryň goňşularyna baryp, poliklinikada koronawirus testinden geçmegi haýyş edýärler, käbir ýagdaýlarda öýlerde hassalardan test üçin nusgalary alyp gidýärler.

Habarçymyz koronawirusa test tabşyrmaly edilenleriň biri barada, howpsuzlyk sebäpli onuň adyny agzamazdan gürrüň berdi. Näsag keselhana birnäçe gezek barypdyr, emma mydama ýapyk bolansoň, synanyşyklaryny bes edipdir. Mundan soň lukmanlar koronawirysyň bolmagy güman edilen adamyň öýüne baryp mugtuna test geçiripdir, emma netijeleri barada habar bermändir.

Şol adamyň özi ençeme gezek jaň edip, netijäniň "negatiw" çykandygyny anyklamalary boldy diýip, habarçylarymyzyň biri 20-gürrüň berdi.

Başga bir habarçynyň sözlerine görä, lukmanlar we şepagat uýalary şu hepdäniň başyndan bäri ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, koronawirusy anyklaýjy test üçin nusgalary ýygnaýarlar.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi bu çäreler barada resmi habar bermedi.

Bu döwürde ýurtda antiseptikleri sepmek boýunça çäreler täzeden başlandy.

Lebap welaýatynda antiseptikler An-2 uçary bilen howadan sepilýär. 20-nji ýanwarda Azatlygyň habarçylary Farap şäherinde, onuň golaýdaky ilatly punktlarda we ýurduň Özbegistan bilen serhetleşýän ýerlerinde “hlordan tapawutly” bir maddanyň howadan sepilendigini habar berdiler. Köp adamlar, esasanam allergiýasy bolanlar özlerini erbet duýupdyr, tiz kömek gullugyna ýüz tutýanlaryň sany köpelipdir. Antiseptik hökmünde haýsy maddalaryň sepilendigini anyklap bolmady.

Bu aralykda dezinfeksiýa işini maliýeleşdirmek üçin ilatdan pul ýygnap başladylar. Hususan-da, oba birleşiklerinde ýerli býujet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerinden hlorly himiki serişdeleri satyn almak üçin ýanwar aýynyň aýlygy doly tutulyp alnypdyr.

Mundan başga-da, Farapda "ýokardan edilen görkezme" boýunça döwlet işgärlerinden antiseptikleri sepmek üçin niýetlenýän enjamyň satyn alynmagyna pul ýygnalýar. Goşandyň göwrümi, kärhananyň işgärleriniň sanyna görä, adam başyna 30 we 70 manat aralygynda bolýar. Enjamyň bahasy 10 000 manat. Käbir edaralaryň işgärleriniň bellemegine görä, satyn alnan enjamlar ulanmaga ýarawsyz bolup çykýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, antiseptikleri sepmek üçin ilatdan pul ýygnamak çäreleri geçen ýylyň tomus aýlarynda hem geçirilipdir. Iýul aýynda Lebap welaýatynda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna işgärlerden ýygnalan pula antiseptikleri sepmek üçin niýetenen 16 litrlik gaby satyn almak tabşyrylypdyr. Şol gap arka asylýar we el bilen işledilýär.

Şu günler antisetikleri sepmek we pürkmek çäresi Türkmenistanyň Mary welaýatynda hem giň derejede geçirilýär.

Turkmen.news neşriniň habaryna görä, Marynyň köçelerinde traktorlar ýollary hlorly serişdeler bilen suwarýarlar. Bu ulaglar Marynyň merkezi köçelerinde gije hereket edýär. Şäheriň daşynda bolsa, dezinfeksiýa serişdeleri howadan sepilýär. Şäheriň eteklerinde antiseptikleri howadan sepmek işi üçin An-2 kysymly uçar ulanylýar. Neşir ýurduň Owganystan bilen serhetýaka sebitlerinde dezinfeksiýa serişdeleriniň howadan dikuçarlar arkaly sepilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda antiseptikleri howadan sepmek işi geçen ýylyň tomsunda ençeme gezek geçirilipdi. 16-njy iýulda Azatlygyň habarçysy ozalky gije Aşgabatda howadan hlorly serişde sepilip, käbir ýaşaýjylarda allergiki täsir galdyrandygyny habar beripdi. Awgust aýynyň başynda, Gurban baýramynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda howadan dezinfeksiýa edilipdi.

Ýurt giňişliginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistanyň ýarym resmi habar çeşmeleri-de howadan antiseptikleriň sepýändigini habar beripdi. 15-nji iýulda ýarym resmi onlaýn neşir “Orient” An-2 ýeňil motorly uçarlaryň Balkan sebitiniň serhet ýakalarynda we Türkmenbaşy hem Balkanabat şäherleriniň töwereginde dezinfeksiýa pürkýändigini habar berdi we şuňa meňzeş çäreleriň Mary we Lebap sebitleriniň serhet ýakalarynda geçirilendigini we ýene-de dowam etjekdigini mälim edipdi.

"Pürkmek iki belentlikde amala aşyrylýar. Obalaryň golaýyndaky ýerleri we awtoulag ýollaryny dezinfeksiýa etmek üçin An-2 uçary "ýerden ýigrimi metr ýokarda uçýar we hlor ergini bilen aerozol garyndysyny galdyrýar. 50-60 metr beýiklikden biplanlar patogen mikroorganizmleri ýok etmek üçin dezinfeksiýa sepýär" diýlip, “Orient” neşri kiçi uçarlardan başga-da, dezinfeksiýany sepmek üçin awtoulaglaryň ulanylýandygyny habar beripdi.

Ondan öň iýun aýynda Azatlygyň habarçylary ýurduň Eýran bilen serhedinde Köpetdagyň eteginde uçarlardan himiki maddalaryň sepilmeginiň haýwanlaryň köpçülikleýin ölümine sebäp bolandygyny habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG