Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup Sputnik V sanjymyny hasaba aldy we waksinasiýa taýýarlanyp başlady


Sputnik V waksinasy (Gam-COVID-Vac)
Sputnik V waksinasy (Gam-COVID-Vac)

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi Orsýetiň koronawirusa garşy Sputnik V waksinasyny hasaba aldy we degişli şahadatnama berdi. Bu barada resmi maglumatlarda aýdylýar. Azatlygyň habarçylary bolsa, şu günler ýurtda ilata koronawirusa garşy waksina etmäge taýýarlyk görülýändigini habar berýärler.

Orsýetiň Sputnik V waksinasynyň Türkmenistanda hasaba alynmagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Orsýetiň göni inwestisiýalar fondy (RDIF) tarapyndan 18-nji ýanwarda yglan edildi.

Orsýet tarapynyň maglumatyna görä, waksina Türkmenistanda goşmaça kliniki synaglar geçirilmezden, adatdan daşary ýagdaýda ulanmaga ygtyýar bermek prosedurasynyň bir bölegi hökmünde tassyklanypdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa öz resmi maglumatynda Sputnik V waksinasynyň dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunda ulanmak üçin tassyklanandygyny belleýär we Orsýetiň göni inwestisiýalar fondunyň (RDIF) baş müdiri Kirill Dmitriýewi sitirleýär.

Orsýet resmisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Sputnik V sanjymynyň öz çäginde ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt bolandygyny aýdyp, orsýet waksinasynyň häzirki wagtda koronawirusa garşy göreşde "dünýäde öňdebaryjy dermanlaryň biridigini" we munuň "dünýäniň dürli sebitlerinde hökümet düzgünleşdirijileri tarapyndan tassyklanan howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berendigini" aýdýar.

Sputnikvaccine.com websaýtynda çap bolan habara görä, Sputnik V adatdan daşary ýagdaýda ulanmak üçin Alžirde, Argentinada, Boliwiýada, Serbiýada, Palestinada, Wenesuelada we Paragwaýda hasaba alnypdyr.

Häzirki wagta çenli dünýäde COVID-19 keseline garşy birnäçe waksina hasaba alyndy, şol sanda Pfizer/BioNtech sanjymy nemes kompaniýasy BioNtech we Amerikan Pfizer kompaniýasy bilen bilelikde döredildi; Moderna amerikan derman kärhanasynyň önümi; Hytaýyň Sinowac Biotech kompaniýasy CoronaVac waksinasyny döretdi.

Türkmenistan geçen ýylyň dekabrynda Orsýetiň Sputnik V koronawirus sanjymyny satyn almaga gyzyklanma bildiripdi. 25-nji dekabrda Orsýetiň Saglygy saklaýyş ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mýatiýewiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň Orsýetiň Saglyk ministrliginiň ýolbaşçylygy bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşandygyny we türkmen tarapynyň rus sanjymyny satyn almak isleýändigini habar beripdi.

Türkmenistan henize çeni ýurtda COVID-19 ýagdaýynyň tapylmandygyny öňe sürýär. 25-nji dekabrda geçirilen hökümet ýygnagynda Prezident Berdymuhamedow muny ýene bir gezek gaýtalady we "koronawirus ýokançlygynyň ýurda getirilmeginiň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleriň öz wagtynda görülendigini" öňe sürdi.

Türkmenistan rus waksinasyny haçan satyn almakçy bolýandygy barada maglumat berilmedi.

Bu aralykda, Türkmenistan ilatyna koronawirusa garşy waksina etmäge taýýarlanýar. Hususan-da, ýurduň gündogar sebitinde Lebap welaýatynda COVID-19-a garşy waksinasiýany başlamak üçin taýarlyk görülýär.

1-nji fewralda waksinasiýany başlamak üçin ýörite enjamlar Türkmenabat şäherine getirildi, sanjym üçin infrastruktura taýýarlanýar we töwekgelçilik toparlarynyň sanawlary düzülýär. Bu barada 19-njy ýanwarda Azatlygyň sebitdäki habarçylary habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, waksinasiýa Saglyk öýlerinde geçiriler. Türkmenabatda 6 saglyk öýi işleýär. Bu lukmançylyk edaralarynda indi ýörite otaglar taýýarlaýarlar we enjamlar oturdýarlar. Emma bu ýerde waksinalary daşamak we saklamak üçin ýörite sowadyjy enjamlary oturtmakdan başga-da, üznüksiz elektrik üpjünçiligini berjaý etmek meselesi entek çözülmändir.

Şeýlelikde, ýurtda elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen baglanyşykly töwekgeçiligiň saklanmagy sebäpli generatorlary we beýleki goşmaça elektrik çeşmelerini oturtmak zerurlygy saklanýar. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenabatdaky saglyk öýleriniň hiç birinde goşmaça elektrik çeşmesi ýok.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet metbugaty ilata waksina etmek planlary barada entek resmi derejede habar bermedi.

Ýanwaryň başynda, Türkmenistan koronawirusa garşy waksina etmek üçin iň uly hatar astyndaky raýatlaryň sanawlaryny düzüp başlady. Şonda saglygy saklaýyş işgärlerine sanjymlaryň fewral aýynyň başynda başlanjakdygy aýdylypdy. Sanawlara husan-da saglyk işgärleri we mugallymlar girizildi. Maglumatlary ýygnamak we hasaba almak işi ýerli maşgala lukmanlaryna tabşyryldy.

Munda başga-da, şu günler Aşgabatda lukmanlar we şepagat uýalary öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylaryň arasynda gyzgyny bolan ýa-da üsgürýän hassalaryň bolup-bolmazlygyny soraýarlar. Olar huussan-da, ilata hassahanalarda fransuz waksinasynyň bardygyny we islän adamyň baryp, edip bilýändigini habar berýärler. Emma koronawirus keselini agzamaýarlar we jikme-jikleri düşündirmeýärler. Bu barada Aşgabatdaky habarçymyz 19-njy ýanwarda habar berdi.

COVID-19 hadysasynyň ýurtda düýpden ýokdugyny aýdýan ýurduň häkimiýetleri dürli karantin çäklendirmelerini girizmegini dowam etdirýärler. Maskalaryň ähli ýerde dakylmagy we aralygyň saklanmagy talap edilýär, hereketi çäklendirmeleri pugtalandyrylýar, döwlet işgärleri koronawirus synaglaryndan öz hasabyna geçmeli bolýar.

Mundan başga-da, bazarlar, metjitler ýapyklygyna galýar we döwlet kärhanalarynda işleýänleriň sany azaldylýar. Bu, COVID-19 alamatlarynyň köp ýaýramagynyň fonunda bolup geçýär. Keselhanalarda görlüp-eşidilmedik derejede hassalaryň sany we olüm köpelýär. Gyssag astynda işleýän lukmanlar testleriň köpüsiniň COVID-19-yň bardygyny tassyklaýandygyny aýdýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG