Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselçiligiň ýaýraýan wagtynda saglyk ministri Türkmenabatdaky hassahanalara baryp gördi


S.Nyýazowyň adyndaky hassahanada COVID-19 we kompýuter tomografiýasy üçin nobat. Aşgabat, 2021-nji ýylyň ýanwar aýy
S.Nyýazowyň adyndaky hassahanada COVID-19 we kompýuter tomografiýasy üçin nobat. Aşgabat, 2021-nji ýylyň ýanwar aýy

Saglyk ministri, ýurduň esasy karantin zolaklarynyň ýerleşýän ýeri bolan Türkmenabadyň lukmançylyk edaralaryna baryp gördi. Azatlygyň habarçylary ýurduň baş saglyk resmisiniň koronawirus bölümlerine barmandygyny habar berdiler. Şol gün hytaýly hünärmenleriň bir topary Türkmenistana baryp, karantine ýerleşdirildi. Bu aralykda karantin zolaklarynda hassalar köpelýär, ýolbaşçylar bolsa, ýurtda koronawirusy inkär edýär.

Azatlygyň habarçylarynyň 14-nji ýanwarda habar berişi ýaly, saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenabat şäherine sapary wagtynda koronawirusly hassalaryň ýatan bölümlerine barmandyr. Saglyk resmisi şäheriň keselhanalarynyň diňe käbir bölümlerini görüpdir. Hususan-da, ol köpugurly klinikanyň hirurgiýa, toksikologiýa, dialez bölümlerine barypdyr, şeýle-de hassahananyň dermanhanasyndaky assortiment bilen tanşypdyr.

Bu keselhananyň koronawirusly hassalaryň ýerleşdirilen zonasy, 15-nji dekabrda karantin üçin ýapylan "C" bölüminde ýerleşýär. Bu ýere köp hassalar agyr ýagdaýda kabul edilýär.

Bu aralykda 14-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen bardy. Prezidentiň gündogar sebite eden sapary koronawirusyň alamatlary bilen geçýän keselçiligiň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, prezidentiň Türkmenabadyň "Ruhyýet" köşgünde geçiren ministrler kabinetiniň maslahatynda "döwlet durmuşynyň käbir meseleleri" ara alyp maslahatlaşylypdyr. Resmi habarda hökümetiň koronawirus pandemiýasy we ýurtda keselçiligiň ýaýramagy bilen bagly meseläni gozgandygy habar berilmedi.

Häzirki wagtda ýurtda koronawirus alamatlary bilen ýüze çykan kesel ýaýbaňlanýar, ölüm ýagdaýlary köpelýär. Keselhanalarda adam köp, ýene köp adam öýlerinde bejergi alýar. Gyssagly tertipde işleýän lukmanlaryň arasynda keselleýänler köpelýär. Döwlet sektoryndaky edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerinde, şol sanda mugallymlarda, zawod-fabriklerde işleýänlerde koronawirus testler arkaly anyklanýar.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gepleşen lukmanlaryň bellemegine görä, ýurt "koronawirus tolkunyny" başdan geçirilýär, hassahanalarda görlüp-eşidilmedik derejede hassa köp, synaglaryň köpüsi COVID-19-yň bardygyny tassyklaýar we öýkeniň zeperlenmegi bilen bagly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Keselhanalarda koronawirus hakda gürlemek henizem gadagan edilýär.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurtda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleriniň Türkmenistana barmagy dowam etdirilýär. 14-nji ýanwarda Samandepede we Ýaşyldepede ýerleşýän gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň işgärleri Hytaýdan Türkmenabat şäherine barypdyr. Türkmenistana baran 60-a golaý hytaý raýaty 21 günlük karantine ýerleşdirilipdir. Farap regionynda ýerleşýän kärhanalar türkmen gazyny Hytaýa eksport etmek bilen meşgullanýar.

Bu kärhanada Türkmenistanyň raýatlary hem işleýärler. Koronawirus pandemiýasyndan öň kärhanalarda işgärler üçin 15 günlük iş smenasy bardy. Kärhanalarda, şol sanda Samandepedäki we Ýaşyldepedäki zawodlarda COVID-19 keseliniň ýüze çykmagynyň köpelmegi sebäpli kärhanalaryň ýerli işgärleri soňky wagtda 4 aýlap işleýärler we soň çalyşýarlar. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçylary aýdýarlar. Olaryň sözlerine göre, işgärler soňky gezek 30-njy dekabrda çalyşypdyr. Indi 4 aýlap işlejek işgärlere zawoddan çykmak gadagan edilýär.

Azatlygyň habarçylary hytaýly hünärmenleriň Türkmenistana barjagy barada ýanwar aýynyň başynda habar beripdi.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri pandemiýa şertlerinde yzygiderli howa gatnawlaryň ýatyrylmagy zerarly ýurduň daşynda galan türkmen raýatlarynyň ýurda getirilmegine ýakyn wagtda garaşylmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistana barýan daşary ýurtlular üç hepdelik karantinde bolmaly.

Azatlyga 13-nji ýanwarda mälim bolşuna görä, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçe işgärinde soňky günlerde COVID-19 keseli tassyklanypdyr.

Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, Çärjew etrabynda gurulýan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň 9 işgäriniň testleri koronawirusyň bardygyny görkezipdir. Hünärmenler 5-nji dekabrda Türkiýeden barypdyr.

Marydaky habarçymyzyň habaryna görä, Türkmenabatdan 120 km uzaklykda, Mary welaýatynda ýerleşýän täze gaz gysyjy stansiýasynyň azyndan 4 işgärinde COVID-19-yň tapylandygyny habar berdi. Olaryň Ukrainanyň raýatlarydygyny we Türkmenabadyň köpugurly klinikasyna ýerleşdirilendigini habarçymyz aýtdy.

Ýurduň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny resmi taýdan yglan etmek bilen, karantin çäklendirmelerini barha güýçlendirýärler, emma Bütindünýä saglyk guramasynyň teklip edýän ýurtda koronawirusy garaşsyz barlaglaryň netijesinde anyklamak mümkinçiligini kabul etmeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG