Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan – COVID-19 hasaba alynmadyk dünýädäki 10 döwletiň biri


Aşgabatda ýüzi maskaly raýatlar
Aşgabatda ýüzi maskaly raýatlar

Türkmenistan öz serhetleriniň çäginde koronawirus pandemiýasynyň ýeke ýagdaýyny hem hasaba almadyk tutuş dünýädäki 10 döwletiň biri bolmagynda galýar. Bu aralykda, ýurtda bahra köp adamyň COVID-19-a ýolugýandygy, ol sebäpli heläk bolýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Aşgabadyň keselhanalarynda näsaglaryň uly akymynyň arasynda, ýagdaýy sähel oňatlaşan hassalar, täze syrkawlary kabul etmek üçin, öýlerine ugradylýar. Şol bir wagtda, geçen hepde saglyk ministriniň Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasyna eden saparynyň öňüsyrasynda, käbir syrkawlan işgärlere ‘ministriň gözüne görünmezlik” tabşyrylandygy mälim boldy.

Geçen dekabryň başlarynda Aşgabatda COVID-19 alamatlary bilen keselhana ýa-da Tiz kömek gullugyna ýüz tutan, emma hassahana ýerleşmekden ýüz öwüren raýatlar, soňy bilen polisiýanyň mejbur etmeginde keselhanalara äkidilen bolsa, häzir bu tejribeler gowşadyldy.

“Keselhana ýerleşmekden ýüz öwürýän näsaglar barada heniz hem prokuratura habar berilýär. Emma ozalkylar ýaly adamlar polisiýanyň gözegçiliginde hassahanalara äkidilmeýär. Sebäbi keselhanalarda syrkawlardan ýaňa boş ýer ýok” diýip, Aşgabatly habarçymyz 18-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, paýtagtyň hassahanalarynda ýagdaýlary sähel oňatlaşan syrkawlar öýlerine ugradylyp başlanypdyr.

“Täze näsaglary kabul edip bolar ýaly, saglyk ýagdaýy sähel gowulaşan kowid hassalar, şol sanda beýleki ýagdaýlar sebäpli reanimasiýa düşen syrkawlar öýlerine ugradylýar we bejergini öý şertlerinde dowam etdirmelidigi aýdylýar” diýip, habarçymyz belledi.

Şol bir wagtda, paýtagtda saglyk işgärleriniň koronawirusa ýolugan ýa-da ondan heläk bolanlaryň goňşularyna aýlanyp, olaryň hem COVID-19 testlerini tabşyrmalydyklaryny duýdurýarlar.

“Gapyma-gapy aýlanýan saglyk işgärleri testleriň sebäpleri barada açyk düşündiriş bermek islemeýärler. Olar diňe gysga wagtyň içinde kowid testini tabşyrmalydyklaryny aýdýarlar” diýip, paýtagtly habarçymyz sözüne goşdy.

Bu aralykda, saglyk ministriniň geçen hepde Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasyna eden saparynyň öňüsyrasynda, bu keselhananyň jogapkär ýolbaşçylarynyň koronwirus anyklanan işgärlerine keselhanada “görünmezligi” tabşyrandygy belli boldy. Ýatlatsak, 14-nji ýanwarda Nurmuhammet Amannepesow Köpuguly hassahananyň dürli bölümleri, şol sanda dermanhanasy bilen tanyşsa-da, hassahananyň koronawirus näsaglarynyň saklanýan “Ç” bloguna baryp görmändi.

“Ministriň gelmeginden bir gün öňünçä, Köpugurly hassahananyň karantin bölüminde işleýän iki arassaçylyk işgärinde koronawirus ýüze çykaryldy. Olar köpugurlynyň özünde bejergi almak islediler. Emma hassahananyň jogapkär işgäri muňa rugsat bermedi. Ol ‘Aşgabatdan komissiýa gelýär, kellämi agyrtmaň, gözüme hem görünmäň, arzyňyzy-da kime ýetirseňiz şoňa ýetiriň’ diýip, olaryň ýüzüni alyp goýberdi” diýip, bu wakalara şaýat bolan saglyk işgärleriniň biri 17-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Ministrden howatyr edip, öz garamagyndaky işgärlerini keselhanada bejergi bermekden boýun gaçyrandygy aýdylýan jogapkär işgäriň ady, familiýasy, eýeleýän wezipesi belli bolsa-da, bu ýagdaýlar boýunça onuň özünden kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, onuň şahsyýetini açmakdan saklanýarys.

Ýurtda koronawirus ýagdaýlarynyň we ölümleriniň artýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri bu ýokunjyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýarlar.

Türkmenistan COVID-19 ýagdaýlary resmi derejede hasaba alynmadyk 10 döwletiň hatarynda bolmagynda galýar diýip, Russiýanyň news.ru neşirinde çap bolan makalada bellenilýär. Bu sanawa ýene Demirgazyk Koreýa, şeýle-de Okeaniýa, ýagny adalarda ýerleşýän ençeme döwlet girýär.

Galyberse-de, türkmen emeldarlary ýurtda edilen COVID-19 testlerini garaşsyz seljerme üçin daşary ýurtlaryň laboratoriýalaryna ibermän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG