Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň premýer-ministri tire-taýpa sebitlere ýokary tizlikli Internet wada berýär


Illýustrasiýa suraty. Günorta Weziristanyň ýaşaýjylary. Arhiwden alyndy
Illýustrasiýa suraty. Günorta Weziristanyň ýaşaýjylary. Arhiwden alyndy

20-nji ýanwarda Pakistanyň premýer-ministri Imran Han ýurduň Günorta Weziristan tire-taýpa sebitinde ýokary tizlikli Internetiň işe giriziljekdigini yglan etdi.

Soňky aýlarda Günorta Weziristanda talyplar Internetiň pes tizligine şikaýat bildirip, birnäçe protest geçirdiler. Olar pes tizlikli internetiň ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen petiklemeleriň arasynda özleriniň onlaýn sapaklaryna täsir edýändigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy günüň ikinji ýarymynda iki ýerli ýaşaýjy bilen habarlaşdy, olar öz mobil telefonlarynda Internetiň tizliginiň örän gowşakdygyny aýtdylar.

Haýber Pahtunkhwa welaýatynyň başga-da birnäçe tire-taýpa etraby öz sebitlerinde Internet aragatnaşygynyň täzeden ýola goýulmagyny talap etdi. Hökümet mundan bir ýyl töweregi ozal howpsuzlyk aladalaryna salgylanyp, ol ýerlerde Internet hyzmatyny togtadypdy.

Han ýokarlandyrylan howpsuzlygyň arasynda welaýatyň ýokary derejeli resmileri bilen Günorta Weziristanyň Wana şäherçesine sapar etdi.

Dabarada eden çykyşynda premýer-ministr 20-nji ýanwardan başlap, sebitiň 3G/4G internet aragatnaşygy bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG