Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdadyň merkezindäki partlamalarda 30-dan gowrak adam öldi


Bagdat, 21-nji ýanwar, 2021
Bagdat, 21-nji ýanwar, 2021

"Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Bagdadyň merkezinde bolup geçen goşa partlamada azyndan 32 adam ölüp, 110 adam ýaralandy.

Häkimiýetler janyndan geçen hüjümçileriň Taýaran meýdançasyndaky egin-eşik bazarynda özlerini partladandyklaryny aýtdy.

Partlamalardan soň gelen habarçylar gana çaýkalan meýdançany we taşlanan aýakgaplary gördüler.

Adyny aýtmadyk köçe satyjysy partladyjylaryň biriniň ýere ýykylyp, garnyndaky agyrydan şikaýat edendigini we şol wagtda hem bedenine berkidilen bombany partladandygyny gürrüň berdi.

Raýat goranmak bölüminiň başlygy Kadhim Salman žurnalistlere hüjümleriň arkasynda "Yslam döwleti" terror toparynyň duran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG