Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Russiýany Nawalnynyň ýaranlaryna “bikanun” basyş etmezlige çagyrýar


Ufa. Polisiýa Nawalnynyň aktiwistleriniň yzyndan geldi. 22-nji ýanwar, 2021.
Ufa. Polisiýa Nawalnynyň aktiwistleriniň yzyndan geldi. 22-nji ýanwar, 2021.

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy rus häkimiýetlerini tussag edilen Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň garşysyna alnyp barylýan "bikanun" kampaniýanyň bes edilmegine çagyrýanalara goşuldy.

Nawalnynyň kömekçilerine hepde ahyrynda bütin ýurt boýunça geçirilmekçi bolýan protestleriň öňünden basyş edilýär.

Häkimiýetler sosial media we habar ulgamlaryna planlaşdyrylýan protest barada maglumat ýaýratmazlyk duýduryşyny bermek bilen, 21-nji ýanwarda 44 ýaşly oppozisioneriň azyndan bäş ýaranyny tussag etdiler.

Nawalny geçen hepdäniň aýagynda, awgust aýyndan bäri Germaniýada bolup, ölüm howply nerw agentinden saplanyp gelende tussag edilenden soň, 23-nji ýanwarda onlarça şäherde demonstrasiýa planlaşdyrylýar.

"Russiýanyň häkimiýetleri 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, tussag edilen oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny bilen raýdaşlyk esasynda planlaşdyrylýan demonstrasiýalardan öň, aktiwistlere we studentlere azar berýär, olary gorkuzýar we tussag edýär" diýip, HRW 22-nji ýanwarda aýtdy.

“Häkimiýetler sosial media kompaniýalara adamlary protestlere gatnaşmaga çagyrýan ýazgylaryň ählisini aýyrmagy buýurdylar we bu buýrugy ýerine ýetirmediklere ep-esli jerime salmak haýbatyny atdylar” diýip, HRW olardan "söz azatlygyna garşy edilýän bikanun hüjümleri bes etmegi we parahatçylykly ýygnanyşmak isleýänleriň howpsuzlygyny üpjün etjek çäreleriň görülmegini hem talap etdi.

"Adamlaryň adalatsyzlyga, şol sanda Nawalnynyň meselesinde, söz azatlygy we parahatçylykly ýygnaklar arkaly garşylyk görkezmäge ähli hukugy bar we häkimiýetler olara bu hukuklaryndan howpsuz peýdalanmaga rugsat bermeli” diýip, HRW aýtdy.

XS
SM
MD
LG