Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wekiller öýi Trampa ynamsyzlyk bildirmek çäresini Senata hödürledi


Trampyň tarapdarlarynyň Kapitola hüjümi, Waşington, 6-njy ýanwar, 2021
Trampyň tarapdarlarynyň Kapitola hüjümi, Waşington, 6-njy ýanwar, 2021

ABŞ-nyň wekiller öýüniň demokrat wekilleri 25-nji ýanwarda öňki prezident Donald Trampy "gozgalaň turuzmak" jogapkärçiligine çekmek çäresini hödürledi. Prokurorlar Senata seýrek we dabaraly ýöriş geçirerler we respublikan senatorlaryny yrmaga we Trampyň baş wezipä gaýdyp dalaş etmezligine ses bermegi gazanmaga synanyşarlar.

Demokratlaryň gözegçiligindäki Wekiller öýi 13-nji ýanwarda 232-197 ses berdi. Trampy jogapkärçilige çekmek üçin azyndan 17 respublikan senatoryň demokratlara goşulmagy gerek.

Impiçment maddasy 6-njy ýanwarda Trampyň tarapdarlarynyň Kapitola eden ganly hüjümi bilen baglanyşykly. Tramp iki gezek impiçment bildirlen we işden aýrylansoň suda çekilen ýeke-täk amerikan prezidenti.

Zorluk, Trampyň 3-nji noýabrda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanandygyny yglan edip, hiç hili subutnama bermezden galplykda aýyplamagyndan soň ýüze çykdy.

6-njy ýanwarda geçirilen ýörişde Trampyň müňlerçe tarapdarlary onuň ýurdy yzyna gaýdyp almak üçin "soňky güýjüne çenli göreşmek" baradaky çagyryşlaryna gulak asyp, Kapitola hüjüm etdi, munuň netijesinde bäş adam, şol sanda polisiýa işgäri wepat boldy.

XS
SM
MD
LG