ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Moskwanyň Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalyny we hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmagyna alada bildirdi.
Baýden Russiýanyň dürli künjeklerinde prezident Wladimir Putine we Nawalnynyň tussag edilmegine garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerden iki gün soňra, 25-nji ýanwarda çykyş edip, “juda aladalanýandygyny” aýtdy.
Baýden Nawalnynyň ýagdaýy boýunça entek nähili jogap çäresini görmelidigi baradaky karara gelmändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol ABŞ bilen Russiýanyň özara bähbitli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edip biljekdigine umyt bildirdi.
Baýden iki ýurduň ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek, şeýle-de 5-nji fewralda möhleti tamamlanýan, Waşington bilen Moskwanyň arasynda saklanyp galýan soňky Täze START ylalaşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmelidigini hem belledi.