Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti ýurduň "koronawirusdan azat bolandygyny" öňe sürdi


Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki bazarlaryň biri
Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki bazarlaryň biri

Täjik prezidenti Emomali Rahmon ýurduň koronawirusdan azatdygyny aýdyp, şu aý wirusyň täze ýagdaýlarynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürdi.

Rahmon bu barada 26-njy ýanwarda parlamentde eden çykyşynda aýtdy. Mundan öň, ýurduň Saglyk ministrligi Täze ýyldan bäri Täjigistanda COVID-19-a ýolugan ençeme ýagdaýyň hasaba alnandygyny aýdypdy.

“Täjigistanda bu gün COVID-19 ýok” diýip, Rahmon aýtdy. Şeýle-de ol ýurduň serhet çäklerinde “koronawirusyň ýoklugy” raýatlaryň maska dakynmak we sosial aralygy saklamak ýaly düzgünleri berjaý etmän bilýändigini aňlatmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Rahmon Täjigistana daşary ýurtlardan gelýänleriň karantine ýerleşdirilmelidigini hem aýtdy.

Täjigistanda koronawirusa 13 müň 308 adam ýolugdy we ondan 90 adam heläk boldy.

Emma Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň geçen tomus geçiren derňewi COVID-19-dan heläk bolan adamlaryň sanynyň hakykatda telim esse ýokary bolmak ähtimallyklaryny açyp görkezdi.

XS
SM
MD
LG