Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Western Union: Aşgabadyň “Senagat” bankynda geçirim çägi azaldyldy, Daşoguzda geçirmeler “marta çenli togtadyldy”  


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly talyplar köplenç Western Union arkaly ene-atalarynyň özlerine ugradan maliýe serişdelerine garaşly galýar. Ýöne soňky wagtlarda türkmen häkimiýetleri Western Unionyň işine birnäçe üýtgetme girizdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, 26-njy ýanwardan başlap, Aşgabadyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda Western Union arkaly ibermäge rugsat berilýän puluň iň köp möçberi 200 dollardan 50 dollara düşürildi.

“Ýöne Daşoguzda hatda 50 dollar ugratmaga-da rugsat berilmeýär. Mart aýyna çenli pul geçirim hyzmatlarynyň togtadylandygy aýdylýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Dekabryň ahyrlaryna golaý, ýanwaryň başlarynda Western Union hyzmatlary degişlilikde Daşoguzda we Aşgabatda wagtlaýyn togtadyldy. 19-njy ýanwarda Maryda we Daşoguzda tiz geçirim hyzmatlary täzeden ýola goýuldy, ondan sähel ozal Aşgabatda-da Western Union öz işine täzeden başlapdyr. Bular barada “Türkmenistanyň hronikasy” habar berdi.

Nagt ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistanda Western Union geçirmeleri täzeden ýola goýlandan soň, habarçynyň tassyklamagyna görä, bir döwür Aşgabat we Mary şäherlerinden daşary ýurtlara iň köp 200 dollar ugratmaga rugsat berildi; Daşoguz we Türkmenbaşy şäherlerinde bu mukdar 100-200 dollar aralygynda üýtgedi.

Ýöne iberilýän puluň mukdary banka görä-de üýtgeýär. Meselem, Azatlygyň habarçysy “Türkmen-Türk” bankynda ýerleşýän Western Union şahamçasynda diňe 50 dollara çenli pul ugratmaga rugsat berlendigini aýdýar.

Western Unionyň resmi web-saýtyna görä, Türkmenistanyň bäş welaýatynda we Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşy”, “Senagat” we “Türkmen-Türk” täjirçilik banklarynda 90-dan gowrak Western Union şahamçasy bar.

Tiz geçirim hyzmatlarynyň töweregindäki soňky çäklendirmeler ogul-gyzlary daşary ýurtlarda bilim alýan ene-atalary ynjalyksyzlandyrýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen penşenbe güni, 21-nji ýanwarda geçirim çäklendirmelerine gahary gelen birnäçe ene-ata Aşgabadyň Merkezi bankyna barypdyr. Bank ýolbaşçylary olary kabul etmändir, ýöne özüni Öwlüýäguly atlandyran bir işgär gapyda ene-atalar bilen duşuşypdyr.

“Ol anyk zat aýdyp bilmedi. Ýurduň walýuta kynçylyklary barada gürrüň berdi. Şol bir aýdylýan gürrüňler” diýip, bank resmisi bilen duşuşan aşgabatly ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan ýurtda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň daşyna geçirim hyzmatlary arkaly iberilýän pula tapgyrlaýyn çäklendirme girizdi. Daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere Türkmenistandan pul ugratmak üçin birnäçe resminama, şol sanda olaryň ýokary okuw jaýlaryndan “güwähat” talap edilýär.

Azatlyk Radiosy pul geçirim hyzmatlaryna girizilen soňky çäklendirmeler barada Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Iýun aýynda ýarym resmi Turkmenportal.com habar saýty pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylara Western Union arkaly 500 dollara çenli serişde ugratmaga rugsat berlendigini habar berdi. Neşir bu mümkinçiligiň daşary ýurtlarda okaýan studentlere degişli däldigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Western Union hyzmatynyň işine girizilýän çäklendirmeler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG