Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Döwlet serhet gullugynyň başlygyny wezipeden boşatdy, harby tehnikalary aýawly saklamagy tabşyrdy


Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary. Türkmen TW-sinden alnan arhiw suraty.
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary. Türkmen TW-sinden alnan arhiw suraty.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy düzümlerde ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, olaryň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, prezident mejlisiň dowamynda “häzirki zaman harby tehnikalaryna aýawly çemeleşmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi” diýip, TDH ýazýar.

Habardan mälim bolşuna görä, prezident harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olara bar bolan harby tehnikalary kesgitlenen düzgüne laýyklykda peýdalanmagy, bu ugurda düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrypdyr.

Soňra baş prokuror Batyr Atdaýew prezidentiň tabşyrygy boýunça dürli ugurlarda, şol sanda Döwlet serhet gullugynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Berdimuhamedow geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri boýunça Döwlet serhet gullugynyň başlygy Şadurdy Durdyýewi “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatmak barada permana gol çekdi, onuň general-maýor harby adyny podpolkwnik harby adyna çenli peseltdi.

Durdyýewiň orunbasarlary Annamyrat Çaryýewe hem-de Ilaman Ilamanowa “işde goýberen kemçilikleri üçin” “berk käýinç” yglan edildi we olara kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek tabşyryldy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine Milli howpsuzlyk institutynyň rektory podpolkownik Ýazgeldi Nuryýew bellenildi, oňa polkownik harby ady dakyldy.

Prezident Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby tehnikalara aýawly çemeleşmegi tabşyrmagy hem-de Döwlet serhet gullugynyň başlygyny wezipeden boşatmagy ýaňy-ýakynda türkmen-eýran serhediniň golaýynda Türkmenistanyň harby dikuçarynyň heläkçilige uçramagynyň yz ýanyna gabat gelýär. 14-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen ir sagat 9:30 töwereginde, Akbugdaý etrabynyň çägindäki Ýaşlyk şäherçesiniň golaýynda bolan harby dikuçar heläkçiliginde üç türkmen serhetçisi wepat boldy. Bu barada Azatlyk Radiosy öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Döwlet mediasyndan çen tutulsa, harby dikuçar heläkçiligi Döwlet howpsuzlyk geňeşinde agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG