Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene kadr çalşyldy. Migrasiýa gullugynyň başlygy 'başga işe' geçdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident mejlisiň dowamynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowy wezipesinden boşatmak baradaky karara gol çekdi. Migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine B.Öwezowy bellendi. Ol ozal bu gullugyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyny işden aýyrdy we Döwlet serhet gullugynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlyklaryna käýinç yglan etdi. Kadr çalyşmalary sudýalara we prokurorlara hem galtaşman galmady.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident mejlisiň dowamynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdowy wezipesinden boşatmak baradaky karara gol çekdi. Migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine Begmyrat Öwezowy bellendi. Ol ozal bu gullugyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi.

Migrasiýa gullugynyň başlygynyň täzelenmeginiň sebäpleri açyk aýdylmaýar.

Mejlisiň dowamynda Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Serhet goşunlarynyň serkerdesi Şadurdy Durdyýewe, gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümleriň tertip-düzgünleri berjaý etmegine gözegçiligi gowşadandygy üçin, berk käýinç yglan edildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşini başlygy, wise-premýer Çarymyrat Amanowa hem käýinç berildi.

Resmi habarda onuň hem wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işinde kemçilik goýberendigi habar berilýär, ýöne ol kemçiligiň nämedigi anyklaşdyrylmaýar.

Berdimuhamedow "Dayhanbank" döwlet bankynyň başlygynyň orunbasary Yslam Artykowy hem, "işini oňarmaýandygy" sebäpli işinden aýyrdy we onuň ýerine Guiçmyrat Berdiýewi belledi.

Mundan başga-da, Berdimuhhammedow birnäçe sebit kazylaryny we prokurorlaryny çalyşdy. Adatça bolşy ýaly, döwlet habar beriş serişdelerinde bu kadr çalyşmalarynyň sebäbi aýdylmady.

Türkmenistanda kadr çalyşmalary yzygidrrli geçirilip durulýar.

Turkmen.news” Türkmenistanyň döwlet telewideniýseine salgylanyp, Gurdowyň wezipesinden boşadylmagynyň sebäbiniň başga işe geçmegi bilen düşündirilendigini habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, Gurdow migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine 2017-nji ýylda bellendi, ozal ol bu gullugyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi. Gurdowadan öňki ýolbaşçy Meýlis Nobatow hem 2017-nji ýylda “başga işe geçmegi sebäpli” diýlip wezipesinden boşadyldy.

"Munuň nähili başga işdigi “turkmen.news” neşirine diňe golaýda mälim boldy, Meýlis Nobatow migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden aýrylandan soň prezident goragynyň başlygy wezipesine bellendi. 2019-njy ýylyň güýzünde bolsa, Nobatow IIM-niň ozalky başlygy Isgender Mulikow bilen bilelikde uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, Turkmen.news neşiriniň habarynda aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdymuhamedow Howpsuzlyk geňeşiniň 7-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde kazylary we prokurorlary wezipä bellemek we işden aýyrmak baradaky kararlara hem gol çekdi.

Resmi habarda işden aýrylanlar we wezipä bellenenler barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Bulardan başga, 8-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akjagül Dowwaýewa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Maýagözel Ýollyýewa wezipesinden boşadyldy.

Hökümet tankytçylary we adam hukuklary toparlary Berdimuhamedowyň, awtokrat Saparmyrat Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna geleli bäri, başgaça pikirleri basyp ýatyrandygyny we ýapyk ýurtda kän özgerişlik geçirmändigini aýdýarlar.

"Human Rights Watch" guramasynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow öz garyndaşlary we egindeşleri bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugruna gözegçilik edýär we häkimiýetler adamlaryň şahsy durmuşlaryna hem gatyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG