Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Orsýetde öndürilen ikinji sanjymy – “EpiWakKoronany” hem bellige aldy


Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy onuň satyn alynmagyna ygtyýar berýär.

Türkmenistan Orsýetde öndürilen ikinji sanjymy – “EpiWakKoronany” hem bellige alandygyny habar berýär.

Aşgabat ozal Orsýetiň “Sputnik V” söwda nyşany bilen belli bolan “Gam- KOWID-Wak” sanjymyny bellige alypdy.

TDH 29-njy ýanwarda, Döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleri esasynda, “EpiWakKorona” sanjymyny bellige almak hakyndaky şahadatnamanyň gowşurylandygyny habar berdi.

Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy onuň satyn alynmagyna we peýdalanylmagyna ygtyýar berýär.

“EpiWakKorona” täze sanjymy synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlygy tassyklanyldy we netijeliligi 100 göterime deň boldy diýip, TDH belleýär.

Pandemiýanyň ilki aýlarynda türkmen häkimiýetleri ilata ýokanç keselden goranmak üçin ýüzärlik tütetmek, burçly unaş içmek ýaly halk däplerini maslahat berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG