Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini ýene yza süýşürdi


Türkmen uçary
Türkmen uçary

“Türkmenhowaýollary” halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini ýene bir aý, 28-nji fewrala çenli yza süýşürdi diýip, awiakompaniýanyň Orsýetdäki wekilhanasynyň web sahypasynda habar berildi.

Koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde, Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny geçen ýylyň mart aýynda togtatdy we şondan bäri her aý uçar gatnawlarynyň gaýtadan açyljak möhleti yza süýşürilýär.

Şu aralykda, TDH-nyň maglumatyna görä, türkmen hökümetiniň 29-njy ýanwarda geçiren mejlisinde hem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işi barada gürrüň edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudak baradaky hasabaty diňläp, howa ulaglary düzüminiň dolandyrylyşyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdii diýip, neşir prezidentiň “Munuň özi şu günki ýagdaýa laýyk gelmelidir” diýen sözlerini sitirleýär.

Döwlet baştutanynyň nygtamagyna görä, raýat awiasiýasy ýurduň sebitlerini baglanyşdyrmak, olaryň halkara logistik giňişligine goşulyşmagyny üpjün etmek bilen, ýurduň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG