Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Talyban Owganystanyň paýtagty Kabulda hüjüm etdi


Kabul, 18 ýanwar, 2021

ABŞ-nyň synçy guramasynyň täze hasabatynda Kabulda "Talyban" hereketiniň hüjümleriniň artýandygy we hökümet işgärleriniň, aktiwistleriň we žurnalistleriň nyşana alynýandygy aýdylýar.

Hasabat Baýdeniň administrasiýasynyň ABŞ bilen "Talybanyň" arasynda geçen fewralda prezident Donald Tramp döwründe gol çekilen parahatçylyk şertnamasyna täzeçe garamagy planlaşdyrýan pursadynda çap edildi.

Hasabatda ABŞ-nyň Owganystandaky güýçlerine salgylanyp, "Kabuldaky duşmançylyk hüjümleri öňki çärýek bilen deňeşdirilende has köpeldi" diýilýär.

SIGAR ady bilen tanalýan Owganystany dikeltmek boýunça ýörite baş gözegçi guramasy ABŞ-nyň uruş zerarly ejir çekýän Owganystana sarp eden milliardlarça dollarlyk maliýe kömegine gözegçilik edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG