Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Ýokary sudy Daniel Pearlyň öldürilmegi boýunça aýyplanany azatlyga goýbermek hökümini tassyklady


Ahmed Omar Saeed Şeýh 2002-nji ýylda žurnalist Daniel Pearlyň alnyp gaçylmagy we öldürilmegi bilen ilteşikli roly boýunça ölüm jezasyna höküm edilipdi.
Ahmed Omar Saeed Şeýh 2002-nji ýylda žurnalist Daniel Pearlyň alnyp gaçylmagy we öldürilmegi bilen ilteşikli roly boýunça ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Pakistanyň Ýokary sudy amerikan žurnalisti Daniel Peralyň kellesini kesip gazaplarça öldüren Ahmed Omar Saeed Şeýhi tussaglykdan azatlyga goýbermek barada höküm çykardy.

Mundan öň, geçen hepde üç kazydan ybarat panel Şeýhi aklamak baradaky höküme garady we ony tassyklady.

Mundan 18 ýyl ozal terrorçylyga garşy sud Şeýhi 2002-nji ýylda žurnalist Pearlyň “Al-Kaýda” we Pakistanyň yslamçy jeňçileri tarapyndan alnyp gaçylmagy we öldürilmegi bilen ilteşikli roly boýunça ölüm jezasyna höküm edipdi.

“Onuň adaty durmuşy ýaşamagy üçin, ony dynç alyş öýüne çalymdaş amatly bir ýaşaýyş gurşawyna göçürmeli” diýip, paneliň başlygy, kazy Omar Ata Bandýal hökümi çykaran pursady aýtdy.

Londonyň Ykdysadyýet mekdebiniň ozalky talybynyň we bu iş bilen ilteşikli başga-da iş kesilen üç kişiniň aklanmagy Pearlyň maşgalasyny, Pakistan hökümetini geň galdyrdy we ABŞ-da gahar-gazap döretdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken suduň kararynyň “ähli ýerdäki, şol sanda Pakistandaky terrorizmiň pidalary üçin kemsidiji” bolandygyny aýtdy.

38 ýaşly Pearl “The Wall Street Journal” neşiriniň Günorta Aziýa boýunça býurosynyň başlygydy. Ol 2002-nji ýylyň ýanwarynda Karaçide yslamçy söweşijiler barada derňew geçirýän pursady alnyp gaçylypdy.

XS
SM
MD
LG