Moskwanyň sudy tussaglykda saklanýan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek boýunça diňlenişige başlady. Bu syýasy äňeňli iş hasaplanýar.
Sud diňlenişigi Nawalnynyň tussag edilmegi boýunça halkara tankytlaryň we Nawalnyny goldamak üçin soňky iki hepdäniň aýagynda Russiýanyň dürli künjeklerinde onlarça müň protestçiniň köçelere çykmagynyň arasynda geçirilýär. Protestler soňky onýyllygyň dowamynda prezident Wladimir Putine garşy geçirilen iň uly demonstrasiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Nawalnynyň özi hem sud diňlenişigine getirildi. Mundan ozalky diňlenişikde ol deslapky tussaghanadan wideo arkaly görkezilipdi.
Rus oppozisiýa syýasatçysy “ogurlyk” aýyplamalary boýunça çykarylan şertli hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglyga ýerleşdirilipdi. Ol özüne garşy gozgalan işiň galplaşdyrylandygyny aýdýar. Bu iş bilen onuň 3,5 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilmegi mümkin.
Garaşsyz “OWD-Info” gözegçi topary suduň binasynyň daşynda häzire çenli 237 adamyň saklanandygyny aýdýar.