Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň tussaglygyna Günbatar berk reaksiýa görkezdi


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny suduň zalynda öz aýaly Ýuliýa elleri bilen kalbyň yşaratyny görkezýär.
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny suduň zalynda öz aýaly Ýuliýa elleri bilen kalbyň yşaratyny görkezýär.

Moskwa sudunyň rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny türme tussaglygyna höküm etmek baradaky kararyna Günbatar döwletleri berk reaksiýa görkezdiler. Suduň höküminiň yzýany Russiýanyň özünde şol bada protestler döredi.

2-nji fewralda sudýa Natalýa Repnikowa Nawalna 2014-nji ýylda çykarylan 3,5 ýyl şertli tussaglyk möhletini ýatyryp, onuň eýýäm öý tussaglygynda geçiren ýyllaryny aýyryp, Kremliň tankytçysyny 2 ýyl 8 aý hakyky türme tussaglygyna höküm etdi.

Nawalnynyň tarapdarlary suduň kararyna nägilelik bildirdiler, olaryň ýüzlerçesi muňa protest bildirip köçelere çykdylar.

Waşington Nawalnynyň we soňky protestlerde saklananlaryň azatlyga goýberilmegini talap etdi.

Nawalnynyň aklawçysy, Olga Mihaýlowa, suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy.

Nawalny 17-nji ýanwarda Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelende tussag edildi. Nawalny we onuň goldawçylary ony prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen FSB-niň zäherländigini aýdýar.

Russiýanyň türmelere gözegçilik edýän gullugy (FSIN) Nawalnynyň tussag edilmeginiň sebäbini onuň 2014-nji ýylda hyýanatçylykda aýyplanyp, jenaýat gözegçilerinden gaçmak bilen baglanyşykly şertli höküminiň düzgünlerini "köp bozandygy" bilen düşündirdi.

Nawalna çykarylan hökümiň yzýany onuň toparynyň agzalary adamlary ýene köçelere çykmaga çagyrdylar.

Emma häkimiýetler Moskwada köp sanly polisiýa işgärini ýerleşdirdi we ençeme köçäni petikledi.

“OWD-Info” gözegçi toparynyň maglumatyna görä, Russiýanyň 10-dan gowrak şäherinde 1 müň 400 adam, şol sanda Moskwada 1 müň 100 adam saklanypdyr.

Suduň 2-nji fewralda çykaran hökümine Günbatar ýurtlary berk reaksiýa görkezdiler. ABŞ, Britaniýa, Kanada we Ýewropa Bileleşigi bu karary ýazgaryp beýanat ýaýratdylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Nawalnynyň tussag edilmegi bilen “juda aladalanýandygyny” aýtdy, şeýle-de Russiýany aktiwisti we “soňky hepdeleriň dowamynda öz kanuny borjuny berjäý edeni üçin ýalňyşlyk bilen saklanan Russiýanyň ýüzlerçe raýatyny azat etmäge” çagyrdy.

Ol, eger-de Russiýa adamlaryň azat ýagdaýda toplanmak we özüni beýan etmek hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna laýyklykda hereket etmese, onda Waşingtonyň we Günbatar hyzmatdaşlarynyň çäre görjekdiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG