Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýangyç-energetika toplumyndan nägile bolýar, bäş resmi “berk käýinç” aldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

2-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýangyç-energetika toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa toplumyň ýolbaşçylary hem-de käbir wise-premýerler gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda prezident dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda durnuksuzlygyň ýüze çykandygyny, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişiniň düýpli azalandygyny aýtdy.

“Dünýäde emele gelen ýagdaýlar ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir ýetirýär, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhy peselýär, bu önümler bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridir” diýip, resmi media prezidentiň sözlerini getirýär.

Soňra prezident ýangyç-energetika pudagyna degişli kärhanalaryň birnäçe ýolbaşçysyna nägilelik beýan etdi.

Döwlet baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa kärhanalarda “işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigi üçin" nägilelik bildirdi. TDH ýol berilýän kemçilikleri agzamaýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýewe konserniň “netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigi üçin" nägilelik bildirdi.

Prezident “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýewiň hasabatyny diňläp, bu kärhananyň işine-de nägilelik bildirdi we täze nebit gorlaryny gözlemegi we ýüze çykarmagy hem-de nebitgaz känlerini açmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwran Çişiýew kärhananyň işlerinde “haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin” prezidentiň nägileligine sezewar boldy. Oňa içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, eksportyň gerimini artdyrmak ýaly wezipeler tabşyryldy.

Maslahatyň dowamynda prezident Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Şahym Abdrahmanowa ýüzlenip, “geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini” belledi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow bu ugurda СNPС, Dragon Oil, Hyundai, LG, Lukoýl, ARETI ýaly halkara kompaniýalaryň okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Ýygnakda ýangyç-energetika pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa söz berildi. Prezident onuň hasabatyny diňläp, pudagyň işlerine nägilelik bildirdi.

Berdimuhamedow wise-premýeriň ünsüni “nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça nebit çykarmagyň möçberiniň peselmegine” çekdi, ondan sanlary gowulandyrmagy, nebit guýularyny abatlamagy, geologiýa-gözleg işlerini güýçlendirmegi, pudaga daşary ýurtly maýadarlary çekmegi, täze eksport ugurlaryny gözlemegi we hünärmenleri kämilleşdirmegi talap etdi.

Yzly-yzyna beýan eden nägileliklerinden soň, prezident wise-premýer Myratgeldi Meredowa, “Türkmennebitiň” başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýewe, “Türkmengazyň” başlygy Batyr Amanowa, “Türkmengeologiýanyň” başlygy Merdan Rozyýewe, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwran Çişiýewe “berk käýinç” yglan etdi.

Prezident wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa nebitgaz toplumynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy, baş prokuror Batyr Atdaýewe toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerini seljermek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Prezidendiň ýangyç-energetika toplumynyň ýokary derejeli resmilerine yglan eden “berk käýinçleri” ýurtda ýiti ykdysdady krizisiň dowam edýän wagtyna, adamlaryň ýeňillikli azyk önümlerini satyn almak üçin döwlet dükanlarynda ir ertirden uly nobatlary emele getirýän pursatyna hem-de gara bazarda milli puluň öz hümmetini ep-esli ýitirýän mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG