Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar 32 manada ýetdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň nyrhy günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirip, anna güni 32 manada ýetdi. Manadyň dollaryň garşysyndaky ýagdaýy bazarlardaky bahalaryň hem ýokarlanmagyna getirdi. Adamlar milli pul birligiň ýene hümmetsizlenmeginden howatyr edip, artdyran manatlaryna daşary ýurt walýutasyny satyn alyp goýmaga synanyşýarlar.

Türkmenistanyň tas ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem gara bazarda şu hepdäniň başynda 28-30 manatdan bahalanan dollaryň nyrhy 32 manada ýokarlandy diýip, Azatlygyň habarçylary 29-njy ýanwarda maglumat berýärler. Geçen hepdäniň başynda bolsa, gara bazarda bir dollaryň bahasy 27-28 manat aralygynda oýnaýardy.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli walýutaçylar dollaryň 40 manada çenli hem göterilip biljekdigini duýdurýarlar.

“[Gara bazarda] dollaryň nyrhy günüň dowamynda üç gezek hem üýtgäp bilýär. Adamlar manadyň has hem hümmetsizlenmeginden howatyrlanyp, artdyran manatlaryna dollar satyn alýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň efirde tutulmagyny islemedik türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Gara bazarda dollaryň hökümetiň 2015-nji ýylyň ýanwarynda kesgitlän resmi 3,5 manat kursundan 9 esseden hem aşa göterilmegi – aglaba harytlaryň gymmatlamagyna sebäp bolmagy bilen birlikde, günübirin söwda gatnaşyklaryna hem öz oňaýsyz täsirini ýetirdi.

Azatlygyň habarçylary, gymmatçylygyň we gytçylygyň arasynda, bazarlarda dilegçilik edýän adamlaryň, zir-zibil çeleklerini dörýän aýallaryň we çagalaryň görnetin köpelendigini hem habar berýärler.

Dollaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň daşary ýurtlardaky bilim alýan studentlere hem pul ugratmak mümkinçiliklerine goşmaça kynçylyklary döredýändigi bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri we Merkezi Banky ýurtda eýýäm ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän dollaryň iki kursy, onuň ykdysadyýete, şeýle-de adamlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Azatlygyň hem bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýýarlar.

Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çeşmeler gara bazarda dollaryň bahasynyň birden ýokarlanmagyna ýurtda ätiýaç walýuta gorlarynyň peselmeginiň, Türkiýede işleýän türkmenistanlylaryň ýurda ugradýan pul serişdeleriniň möçberiniň juda pese gaçmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, soňky ýyllarda bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy, Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini wagtlaýyn ýitirmegi, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, giň ýaýran korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, synçylara görä, hökümetiň emelsizligi bilen goşalanyp, ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ilat garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz galdy.

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde oýnap başlady.

Noýabryň ortalarynda ilkibada 23 manat töwereklerinde bahalanan dollar 23-nji noýabrda 25 manat 50-60 teňňä, dekabryň başlarynda, ilki 27 manat 40 teňňä, soňra 28 manat 60 teňňä çenli ýokarlandy. 9-njy dekabrda 29 manada çenli ýokarlanan dollar soňra birden 25 manat 80 teňňä çenli aşaklap başlady. Ýöne durnukly baha saklanyp galmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG