Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň DIM-i jynsy asylyşmadan şikaýat eden polýak žurnalistinden ötünç sorady


Daşkentde işleýän garaşsyz žurnalist Agneşka Pikulitskaýa-Wilçewskaýa
Daşkentde işleýän garaşsyz žurnalist Agneşka Pikulitskaýa-Wilçewskaýa

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi polýak žurnalistinden ötünç sorady, ol bu edaranyň bir resmisini jynsy asylyşmada we iş ygtyýarmasynyň möhletiniň uzaldylmagynyň ýerine oňyn mazmunly makala ýazmagy üçin basyş görkezmekde aýyplapdy.

Ministrlik 2-nji fewralda Agneşka Pikulitskaýa-Wilçewskaýanyň jynsy asylyşmada we basyş görkezmekde aýyplan resmisiniň işden boşadylandygyny habar berdi.

“Guardian”, “Diplomat”, “Ýewrasianet” neşirleri we “Al Jazeera” telekanaly bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalist Pikulitskaýa-Wilçewskaýa 1-nji fewralda twitterde özbek DIM-niň soňky alty aýda iş ygtyýarnamasyny täzelemek barada eden birnäçe haýyşyny ret edendigini aýtdy.

Şeýle-de žurnalist Daşary işler ministrliginiň bu işe seredýän işgäriniň özüni jynsy gatnaşyga mejbur etjek bolandygyny, şol sanda onlaýn habarlaşmalarynda hem azar berendigini öňe sürdi.

Bu waka jemgyýetçilikde gahar-gazap döretdi. Adam hukuklaryny goraýjylar we diplomatlar, şol sanda adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hugh Williamson, Angliýanyň Özbegistandaky ilçisi Tim Torlot Daşkendi žurnalistiň şikaýatyny derňemäge çagyrdy.

Pikulitskaýa-Wilçewskaýa 2-nji fewralda ýazan twitinde iş rugsadynyň uzaldylandygy barada habar berilendigini aýtdy we özüne goldaw berenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG