Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 7-nji fewraly Belarus bilen raýdaşlyk güni diýip yglan edip, halkara liderlerini, aktiwistlerini, žurnalistleri we belarus dostlarynyň ählisini diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we täze saýlaw geçirilmegini talap edýän demonstrantlary goldamaga çagyrdy.
Tihanowskaýa belaruslaryň 9-njy awgustda geçirilen "galp" prezident saýlawyndan bäri, "režimiň bikanunlygyna garamazdan, tutanýerli we batyrgaý bolup, demokratiýany we azatlygy talap edendiklerini” aýtdy.
Ol adamlaryň Belarusda her gün proteste çykýan demonstrantlara raýdaşlyk görkezmeklerini, olara "edermenlikleri we güýçli erkleri üçin sagbol aýtmaklaryny” ündedi.
Ol ýygnanyşyklary geçirmegi, sosial media arkaly goldaw bildirmegi, syýasy tussaglara hat ýazmagy we binalaryň öň işiklerini gyzyl we ak reňkde - Belarusyň oppozisiýa hereketiniň reňklerinde ýagtylandyrmagy maslahat berdi.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi 5-nji fewralda raýdaşlyk gününi goldaýandyklaryny we demonstrantlary gutlaýandyklaryny aýtdylar.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs ABŞ-nyň “Belarus halkynyň rehimsiz repressiýalaryň öňündäki gaýduwsyzlygyna, çydamlylygyna we edermenligine haýran galmagyny dowam etdirýändigini” aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi hem şuňa meňzeş beýanat çap edip, Belarusda "müňlerçe adamyň" tussag edilendigini aýtdy we “adam gynamalarynyň ýüzlerçe dokumentleşdirilen mysallaryna” ünsi çekdi.