Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, ABŞ arasynda ýadro meselesi boýunça gapma-garşylyk çuňlaşýar


Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça ýadro kärhanasy, Natanz, noýabr, 2019

7-nji fewralda Eýran we ABŞ Tähranyň dünýä güýçleri bilen ýadro şertnamasy baradaky ylalaşygyna degişli düşünişmezligini hasam çuňlaşdyrdylar, sebäbi iki ýurduň liderleri beýleki tarapyň hereket etmegini islediler.

Prezident Jo Baýden, Eýrany gepleşik başyna getirmek üçin sanksiýalary ýatyrmajakdygyny, Tähranyň 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

7-nji fewralda CBS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Baýden Eýrany gepleşiklere çekmek üçin sanksiýalar togtadyljakmy diýlip berlen soraga "ýok" diýip göni jogap berdi.

Soňra prezident Eýrandan ýadro şertnamasyna laýyklykda urany baýlaşdyrmagyň derejesini togtatmalymy ýa-da ýokmy diýip soranlarynda, oňyn jogap berdi.

Eýranyň baş lider Aýatolla Ali Hameneýi mundan ozal ABŞ Eýranyň şertnama boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini islese ähli sanksiýalary ýatyrmalydygyny aýtdy.

"Eýranyň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp gelmegini isleseler, ABŞ ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyrmaly, barlap göreris we sanksiýalaryň dogry ýatyrylandygyna ýa-da ýokdugyna serederis" -diýip, Hameneýi 7-nji fewralda döwlet telewideniýesinde aýtdy. Ol bu kararyň yzyna gaýtaryp bolmajak we gutarnyklydygyny we Eýranyň ähli resmileriniň bu meselede ylalaşýandygyny aýtdy.

Iki ýurduň liderleriniň çekeleşikli teswirleri Baýdeniň Tramp tarapyndan ret edilen möhüm şertnamany janlandyrmak isleýänligi sebäpli öňdäki agyr diplomatik problemanyň üstüni açdy.

XS
SM
MD
LG