Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmä basylan rus oppozisiýa syýasatçysynyň aýaly Russiýany terk edip, Germaniýa bardy


Ýuliýa Nawalnaýa
Ýuliýa Nawalnaýa

Türme tussaglygyna höküm edilen rus oppozisiýa syýasatçysy we korrupsiýa garşy göreşiji Alekseý Nawalnynyň aýaly näbelli şertler astynda Russiýany terk edip, uçar bilen Germaniýa bardy.

Ýuliýa Nawalnaýa 10-njy fewralda Moskwanyň Domodedowo aeroportundan ugrady we agşamara Frankfurta bardy.

Germaniýanyň "Deutsche Welle" kanaly onuň howa menziliniň tranzit bölüminden çykyşynyň görülmändigini habar berdi, ýöne "Lufthansa" gatnawyndaky ýolagçylar ony özleriniň uçarda görendiklerini tassyklady.

Has ozal, Russiýanyň “Interfaks” gullugy bir çeşmäniň sözlerini getirip, anyklaşdyrmazdan, Nawalnaýanyň Germaniýa gidendigini habar berdi.

Nawalnaýanyň adwokaty Swetlana Dawydowa “bu barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny” aýdyp, “TASS” habar agentligine bu habary tassyklap bilmedi.

Nawalnaýa özüniň tussag edilen adamsyna goldaw bermek üçin geçirilen rugsatsyz ýörişlere gatnaşany üçin golaýda saklanypdy.

Nawalnynyň türmeden boşadylmagyna çagyran egindeşlerine hem-de protestçilere garşy alnyp barylýan tutha-tutluklaryň yzýany, Nawalnaýanyň ýurdy terk etmegi, onuň Russiýadan azatlyk we howpsuzlyk aladalary sebäpli gaçandygy barada gep-gürrüňlere ýol açdy.

"Der Spiegel" nemes žurnaly çeşmelere salgylanyp, anyklaşdyrmazdan, Nawalnaýanyň “şahsy işler” sebäpli ýurda gelendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG