Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran AEHA-nyň ýadro desgalaryna barlaglaryny çäklendirjekdigini aýdýar


Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saeed Hatibzadeh
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saeed Hatibzadeh

Eýran, eger-de 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyna gol goýan beýleki taraplar öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly bolmasalar, onda öňümizdäki hepdeden başlap Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentliginiň (AEHA) adatdan daşary barlaglarynyň öňüni böwetlejekdigini duýdurdy.

Geçen ýyl kabul edilen karara laýyklykda, Eýranyň hökümeti, eger-de beýleki taraplar ylalaşyga doly ygrarly bolmasalar, onda öňümizdäki hepdeden başlap mälim edilen ýadro sebitlerine Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentliginiň barlaglaryny çäklendirer.

Eýranyň Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligindäki ilçisi 15-nji fewralda çykyş edip, Tähranyň öz planlary barada agentligi habardar edendigini aýtdy.

Kazem Garibabadi özüniň Twitter hasabynda 23-nji fewraly soňky möhlet hökmünde görkezip, kanunyň “öz wagtynda berjaý ediljekdigini” aýtdy.

Emma daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saeed Hatibzadeh munuň bilen BMG-niň atom gözegçi edarasynyň ähli barlaglarynyň togtadylmaýandygyny belledi.

Ol ABŞ-ny göz öňünde tutup, “eger-de beýleki tarap hem ugruny üýtgedip, öz borçnamalaryna hormat goýsa, onda bu ädimleriň ählisini yzyna gaýtaryp bolar” diýip, sözüne goşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy ýadro ylalaşygyna dolanmak meýillerini mälim etdi, emma munuň üçin ilki bilen Eýranyň ylalaşygyň çäklerindäki borçnamalaryny doly berjaý etmelidigini aýtdy.

Tähran öňünden nähilidir bir şertiň goýulmagyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG