Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar Nawalna, weterana töhmet atmak işi boýunça, $13 müň jerime soradylar


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny sud diňlenişiginde. Moskwa. 16-njy fewral, 2021 ý.

Rus prokurorlary Kremliň tankytçysy we oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalna Ikinji Jahan urşunyň weteranyna töhmet atandygy aýdylýan aýyplama esasynda 950 müň rubl ($13 müň) möçberinde jerime salynmagyny soradylar.

Bu talap 16-njy fewralda Moskwanyň sudunda gürrüňi gidýän iş boýunça geçirilen soňky diňlenişigiň dowamynda edildi. Nawalnynyň tarapdarlary bu işi syýasy äheňli toslama atlandyrýarlar.

Resmiler Nawalnyny Kreml tarapyndan gurnalan mahabat wideosynda çykyş eden weterany garalamakda aýyplaýarlar.

Nawalny wideoda çykyş edenleri ýaňsa alyp, olary “satlyk ýaranjaňlar we dönükler” diýip atlandyrypdy.

Russiýada Ikinji Jahan urşunyň weteranlaryna hormat goýular we olary tankytlamak, umuman, jemgyýetde kabul ederliksiz hasaplanýar.

Moskwanyň Babuşkinskiý etrap sudy dessine hökümi çykarman, diňlenişigi 20-nji fewrala geçirdi.

Şu aýyň başynda sud Nawalnyny nerw-zäherleýji agenti tarapyndan zäherlenmeginden soňra Germaniýada bejergi alan döwri şertli tussaglygyň möhletini bozmakda günäli tapyp, ony tas üç ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Nawalnynyň bu höküm boýunça şikaýaty hem Moskwanyň Şäher Sudunda 20-nji fewralda diňlener.

Nawalnynyň tussag edilmegine we suduň oňa çykaran tussaglyk hökümine garşy Russiýada protestler geçirildi.

Günbatar ýurtlarynyň köpüsi onuň zäherlenmegini we tussag edilmegini ýazgardylar. Nawalny özüni prezident Wladimir Putiniň görkezmesi bilen, rus howpsuzlyk gulluklarynyň zäherländigini aýdýar. Kreml bulary ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG