Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Käbir kwaritralarda gaz bilen işleýän 50 ýyllyk suw gyzdyryjylar sökülýär


Illýustrasiýa suraty.

Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän kwartiralarda gaz bilen işleýän 50 ýyllyk suw gyzdyryjylar sökülýär diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, şäheriň gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri etrapçada ýerleşýän köp gatly köne jaýlara aýlanyp, gaz bilen işleýän suw gyzdyryjylaryň sökülmegini talap edýär.

“Bu barada ýazmaça görnüşinde nähilidir bir buýruk ýa-da karar görkezilmeýär” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gaz bilen işleýän suw gyzdyryjy gazanlary aýyrmazlyk üçin, gaz edaranyň işgärleriniň käbir ýaşaýjylardan 200 manat soraýan halatlaryna-da duş gelmek bolýar.

“Ertir başga bir barlagçy geler, oňa-da tölemeli bolar” diýip, beýleki bir paýtagtly gürrüň berýär.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, köp adam töleg tölemäge we köne suw gyzdyryjy gazanlaryny saklap galmaga razy bolýarlar.

“50 ýyllap rugsat berildi, indi gadaganmy?” diýip, bir ýaşaýsy soraýar.

Habarçy käbir ýaşaýjylaryň gaz üpjünçilik edarasynyň işgärlerine 150 manat bermek üçin söwdalaşýandygyny gürrüň berýär.

“Käbir adamlar bolsa gazçylary öýlerine goýbermeýär” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, elektrik energiýasy bilen işleýän suw gazanlary 30-njy etrapçanyň köne jaýlaryna gabat gelmeýär. Galyberse-de, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi elektrik energiýasy bilen işleýän suw gazanlarynyň köp çykdajy talap edýändigini, adamlaryň tok üçin köp mukdarda töleg tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar. “Olar ulanmak üçin amatsyz we tiz hatardan çykýar” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri öýlerde gaz bilen işleýän enjamlardan howpsuz peýdalanmak barada yzygiderli düşündiriş geçýär.

Ýurtda elektrik energiýasy, gaz we suw 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, doly tölegli edildi. Ýurduň ýolbaşçylary şonda ýeňillikleriň ýatyrylmagyny "raýatlaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy" bilen düşündirdiler. Has ozal, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen raýatlary bu serişdelerden mugt peýdalanýardy.

Elektrik energiýasynyň, suwuň we gazyň doly tölegli görnüşe geçirilmeginiň öňüsyrasynda ýurt boýunça öýlerde gaz we tok hasaplaýjy enjamlarynyň oturdylmagy tizleşdi.

Bu aralykda, geçen dekabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde gazdan zäherlenýän adamlaryň hem-de ýangyn hadysalarynyň köpelýändigini habar berdi. Sowuk howanyň aralaşmagy bilen ýyladyş ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar sebäpli, köp adam öýlerde elektrik enjamlaryny we gaz peçlerini ulanmaga mejbur boldy.

2019-njy ýylyň maýynda paýtagtda “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, gaz enjamlarynyň, şol sanda gaz bilen işleýän suw gyzdyryjylaryň özbaşdak oturdylmagyny gadagan etdiler.

Bu talaba laýyklykda, “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň rugsady bolmazdan, buhary peçi, gazyň ýanýan ýerini, ýagny gorelkasyny, şeýle-de gaz bilen işleýän suw gyzdyryjysyny we gaz ojagyny ulanmak gadagan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG